Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Günorta Koreýa Demirgazyk Koreýany wagyz listowkalaryny ibermezlige çagyrýar


Günorta Koreýanyň Bileleşik boýunça ministri Kim Yeon-chul

Günorta Koreýa 22-nji iýunda Demirgazyk Koreýany propaganda listowkalaryny serhetden ibermek niýetinden el çekmäge çagyrdy.

Phenýan 12 million listowkany ibermäge taýýardygyny we munuň öz günorta garşydaşyna garşy iň uly hereket boljakdygyny aýtdy.

Koreýa ýarym adasyndaky dartgynlylyk geçen hepdede hasam güýçlendi. Phenýan Günorta koreýaly toparlaryň serhetden Demirgazyk Koreýa listowka ibermegine degişli hereketlere jogap hökmünde öz giňişliginde ýerleşýän Koreýa-ara aragatnaşyk bölüminiň binasyny partlatdy.

22-nji iýunda Demirgazyk Koreýa Günorta Koreýa 12 million wagyz listowkasyny aşyrmak üçin 3000 şar we beýleki anyklaşdyrylmadyk enjamlaryny öndürendigini aýtdy.

Günorta Koreýanyň Bileleşik ministrliginiň metbugat sekretary Yoh Sangkey Demirgazyk Koreýany Günorta we Demirgazyk Koreýalaryň gatnaşyklary üçin peýdasyz listowkalary Seula ibermezlige çagyrdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG