Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Batman” we “Ýiten oglanlar” filmleriniň režissýory 80 ýaşynda aradan çykdy


 Joel Şumaher (Joel Schumacher)
Joel Şumaher (Joel Schumacher)

ABŞ-nyň meşhur režissýory Joel Şumaher (Joel Schumacher) 22-nji iýunda 80 ýaşynda aradan çykdy diýip, onuň jemgyýetçilik bilen gatnaşyklar toparynyň agzasy aýtdy.

Şumaheriň onlarça ýyllap dowam eden karýerasy iki “Batman”, “Keramatly Elmonyň ody” (St Elmo's Fire) filmlerini we “Ýiten oglanlar” (The Lost Boys) komediýasyny öz içine alýar.

Bir ýyl bäri rak keselinden ejir çeken Şumaher Nýu-Ýork şäherinde aradan çykdy.

Onuň 1985-nji ýylda döredilen “Keramatly Elmonyň ody” filminde Demi Moore we Rob Lowe ýaly bir topar ýaş aktýor çykyş etdi. Onuň 1987-nji ýylda döredilen, ýetginjekleriň gorky komediýasy “Ýiten oglanlar” filmi hem şowly bolupdy.

Şumaheriň 1990-njy ýyllarda döreden filmleriniň arasynda “Batman Forever”, “Flatliners” we “A Time to Kill” ýaly blokbasterler bar.

Ýaňy-ýakynda ol meşhur Netflix seriýaly “Kartalar öýüniň” (House of Cards) iki bölümine režissýorlyk etdi.

XS
SM
MD
LG