Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň ýarysyna golaýynda koronawirus näsaglarynyň sany artýar


Nýu-Ýork şäherinde Tiz kömek ulagynyň gelmegine garaşýan şepagat uýasy. Illýustrasiýa suraty

ABŞ-nyň Günorta we Günbatar sebitleriniň köp böleginde koronawirus näsaglarynyň sany köpelýär. Bu, Birleşen Ştatlarda koronawirusdan ölenleriň sany 120 müňden aşan mahaly, wirusyň iň ýaramaz derejesiniň heniz öňümizde bolup biljekdigi baradaky aladany güýçlendirýär.

ABŞ-nyň 23 ştatynda koronawirus ýokuşan täze adamlaryň sany artýar. Tehasda, Arizonada, Jorjiýada, Floridada we beýleki ýerlerde hassahana düşmek derejesiniň ýokarlanýandygyny we ölüm derejesiniň artyp biljekdigini görse bolýar.

Emma bir wagtlar ABŞ-da koronawirusyň merkezi bolan Nýu-Ýork şäheri 22-nji iýunda petiklenmeleri gaýtadan açmak üçin ýene bir ädim ätdi. Bu şäherde COVID-19 keselinden 22 müň adam heläk boldy.

Nýu-Ýorkda gaýtadan açmak çäreleriň dört basgançagynyň ikinjisinde dükanlar açyldy, restoranlar daşarda müşderilere hyzmat edýär, dellekhanalar saç kesýär we käbir edaralar işgärleri yzyna getirdi.

Johns Hopkins uniwersitetiniň maglumatyna görä, dünýäde tassyklanan koronawirus näsagalarynyň sany 9 milliondan aşdy we bu wirusdan 471 müňden gowrak adam öldi.

Ýewropada wirusdan ölenleriň sany takmynan 193 müň töweregi adam bolup, bu ýerde koronawirus esasan gözegçilik astynda saklanýar. Kontinentdäki ýurtlar saglyk teswirnamalary esasynda gaýtadan açylmak çärelerini dowam etdirýärler.

XS
SM
MD
LG