Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Öňki gyrgyz prezidenti Atambaýew 11 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi


Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Almazbek Atambaýew
Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Almazbek Atambaýew

Gyrgyz sudy jenaýat toparynyň lideri Aziz Batukaýewiň 2013-nji ýylda bikanun türmeden boşadylandygy üçin öňki gyrgyz prezidenti Almazbek Atambaýewi 11 ýyl iki aý möhlet bilen türme tussaglygyna höküm etdi.

23-nji iýunda Bişkegiň Birinji maý etrap sudunyň kazysy Emilbek Kaýipow Atambaýewi korrupsiýa guramaçylygynda günäli tapdy we şol günüň özünde oňa höküm çykardy.

63 ýaşly Atambaýew sud jaýynda soňky beýanat bermekden ýüz öwürdi.

Sud işiniň dowamynda ol islendik kanun bozmany ret etdi.

Şeýle-de, sud Atambaýewi ähli döwlet sylaglaryndan we çinlerinden mahrum etdi, onuň hem-de maşgala agzalarynyň eýeçiligindäki emläkler bolsa konfiskasiýa ediler.

Atambaýew maşgalasyndan konfiskasiýa ediljek emläkler bäş sany ulagy, demirgazyk Çuý we Yssyköl regionlaryndaky ýaşaýyş jaýlaryny, 10 sany ýer bölegini, birnäçe kompaniýany, şol sanda bir telewizion kanaly öz içine alýar.

Sud işinde Atambaýew bilen bilelikde jogapkärçilige çekilen öňki baş prokuror Indira Joldubaýewa, öňki Gematologiýa merkeziniň başlygy Abduhalim Raimjanow hem-de Döwlet Jeza gullugynyň başlygynyň ozalky maslahatçysy Kalybek Kaçkynaliýew dagylara-da aýyplama bildirildi.

Joldubaýewa jemi 5 million som ($66 müň) jerime tölemeli edildi. Kaçkynaliýew iki ýyl türme tussaglygyna höküm edildi, ýöne kazy onuň deslapky tussaglykda geçiren wagtyny göz öňünde tutup, azatlyga goýberdi. Kanun çäklendirmeleri sebäpli Raimjanow boýunça höküm çykarylmady.

Aziz Batukaýew
Aziz Batukaýew

2013-nji ýylda duýdansyz türmeden boşadylan Batukaýew dessine ýurdy terk edip Russiýa bardy. Oňa gyrgyz kanun çykaryjysyny we Içeri işler ministrliginiň resmisini öldürmek ýaly agyr jenaýatlar boýunça höküm çykarylypdy.

Atambaýew bu Merkezi Aziýa ýurdunyň taryhynda ýurt içinde wagty sud edilen ilkinji gyrgyz prezidentidir.

2014-nji ýylda beýleki bir eks-prezident Kurmanbek Bakiýew 2010-njy ýylda özüni wezipeden çetleşdiren aýaklanmalara gatnaşan protestçileriň öldürilmegine gatnaşygy sebäpli ömürlik tussaglyga gaýybana höküm edildi.

Bakiýew we onuň maşgala agzalary şondan bäri Belarusda ýaşaýar.

2005-nji ýylda hökümete garşy geçirilen protestlerde ýurtdan gaçyp, häzirki wagtda Moskwada ýaşaýan ilkinji gyrgyz prezidenti Askar Akaýew korrupsiýa aýyplamalary boýunça hem-de 2002-nji ýylyň martynda günorta Aksy şäherinde prostestçileriň heläkçilikli dargadylmagyna “ilteşigi” bilen baglylykda Gyrgyzystanda gözlenýär. Ol heniz sud edilmedi.

Atambaýew geçen awgustyň başynda, howpsuzlyk güýçleri bilen onuň tarapdarlarynyň arasynda iki gün dowam eden çaknyşygyň yzýany, özüni polisiýa tabşyrandan soň tussag edildi.

Batukaýewiň bikanun türmeden boşadylmagy bilen bagly sud işi boýunça özüniň Içeri işler ministrligine üç gezek soraga çagyrylmagyna boýun egmezligi Atambaýewiň çaknyşykly tussag edilmegine ýol açdy.

Howpsuzlyk güýçleri bilen onuň goldawçylarynyň arasynda ýüze çykan çaknyşyklar bir sany ýokary derejeli howpsuzlyk ofiseriniň ölümine hem-de 170 adamyň, şol sanda 79 kanun goraýjy ofiseriň ýaralanmagyna alyp geldi.

Merkezi Aziýa ýurdunda durnuksyzlyk gorkusyny döreden bu zorluk Atambaýew bilen onuň öz saýlan yztutary Sooronbaý Jeenbekowyň arasyndaky häkimiýet göreşini açyp görkezdi.

Öňki prezidenti häzirki wagtda geçen ýyldaky zorluk bilen baglanyşykly gozgalan ýene-de bir sud işi boýunça jogapkärçilige çekilýär. Bu iş boýunça oňa we başga-da 13 adama “adam öldürmek”, “bilkastlaýyn adam öldürmek”, “häkimiýet wekillerine haýbat atmak we hüjüm etmek”, “girew almak” we “häkimiýeti zor bilen almak” aýyplamalary boýunça günä bildirilýär.

Gyrgyzystan 2017-nji ýylda häkimiýetiň demirgazykly Atambaýewdan günortaly Jeenbekowa parahatçylykly we asuda geçişine şaýat boldy. 2005-nji we 2010-njy ýyllarda bolan aýaklanmalar Akaýew bilen Bakiýewi prezidentlikden çetledenden soň bolup geçen asuda häkimiýet çalyşygy halkara jemgyýetçiligi tarapyndan makullanypdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG