Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Fauçi: ABŞ-da koronawirusyň ýaýramak gerimi ‘alada döredýär’


Birleşen Ştatlarda koronawirusdan heläk bolanlaryň sany 121 müňden aşdy.

ABŞ hökümetiniň ýokary derejeli saglyk resmileri ýurtda koronawirusyň täze ýagdaýlarynyň alada dörediji derejede artýandygyna ünsi çekip, wirus bilen bagly iň erbet ýagdaýlaryň entek öňde bolmagynyň mümkindigini bellediler. Bu aralykda, Birleşen Ştatlarda koronawirusdan heläk bolanlaryň sany 121 müňden aşdy.

Infeksiýanyň derejesi 50 ştatyň ýarpysyndan gowragynda artmagyny dowam etdirýär. Teksasda, Arizonada, Jorjada, Floridada we beýleki ýerlerde näsaglaryň keselhana ýerleşdirmek derejesi hem ýokarlandy.

Saglyk boýunça Milli Institutyň ýokanç keseller boýunça başlygy Dr. Antony Fauçi kongres komitetiniň öňünde eden çykyşynda öňümizdäki hepdeleriň wirusyň ýaýramak gerimini yza tesdirmek üçin aýgytlaýjy boljakdygyny aýtdy.

ABŞ-da häzir her gün koronawirusa ýolugan täze 30 müň ýagdaý ýüze çykarylýar. Çäklendirmeler döwri bu görkeziji 20 müňe çenli peselipdi. Bu mundan bir ýarym aý ozal çäklendirmeler gowşadylanda wirusyň ýaýramak geriminiň gaýtadan artyp biljekdigi baradaky çaklamalaryň dogrudygyny görkezdi.

Fauçi adamlary uly märekäniň toplanan ýerlerinden daşda durmaga we maskalary geýmäge çagyrdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG