Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin ýokary gazançly raýatlara salynýan girdeji salgydyny artdyrmagy teklip etdi. Ol muny 23-nji iýunda, koronawirus pandemiýasynyň ykdysadyýete ýetiren täsirlerine garşy göreş çärelerini yglan etmeginiň çäginde hödürledi. Bellesek, ýene-de bir hepdeden Putiniň 2036-njy ýyla çenli häkimiýetde galmagyna mümkinçilik berjek dawaly konstitusion üýtgeşmeleri boýunça milli ses berilişik geçirilmeli.
Putin 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap ýyllyk şahsy gazanjy 5 million rubldan ($72,700) geçýän raýatlaryň girdeji salgydyny 2% artdyryp, 15% çäginde kesgitlemegi teklip etdi.
Putiniň sözlerine görä, bu döwlet gaznasyna goşmaça 60 milliard rubl ($864,6 million) möçberinde maliýe serişdesini getirer. Putin bu serişdeleriň “agyr we seýrek kesellerden” ejir çekýän çagalara bejergi bermek üçin ulanylyp bilinjekdigini hem aýtdy.
Häzirki 13% girdeji salgydy Putin tarapyndan 2001-nji ýylda, özüniň ilkinji prezidentlik möhletinde girizilipdi.
Putin koronawirus pandemiýasy döwri çagaly maşgalalar we ilatyň beýleki gatlaklary üçin hödürlenen subsidiýalaryň möhletiniň hem uzaldyljakdygyna söz berdi.