Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa, reformalar boýunça ses berilişigiň öňüsyrasy, ‘Ýeňiş Güni’ paradyny geçirdi


Moskwadaky parad. 24-nji iýun, 2020 ý.
Moskwadaky parad. 24-nji iýun, 2020 ý.

Russiýada yza süýşürilen Ýeňiş parady geçirildi. Bu aralykda, prezident Wladimir Putin özüniň häkimiýetdäki möhletini uzaltmaga hem mümkinçilik berjek referendumyň öňüsyrasynda ilatyň goldawyny berkitmegi maksat edinýär.

1945-nji ýylda nasistik Germaniýanyň üstünden gazanylan ýeňiş mynasybetli gurnalýan harby parad, adatça, her ýylyň 9-njy maýynda geçirilýär.

Putin koronawirus pandemiýasy sebäpli bu ýyl parady 24-nji iýuna geçirdi.

Parada 13 döwletden 13 müň töweregi esger, 200-e golaý taryhy we döwrebap harby ulaglar we 75 uçar gatnaşdyryldy. Paraddaky esgerleriň aglabasy Russiýanyň özündendir. Parada şeýle-de Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Hytaýyň, Hindistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Moldowanyň, Mongoliýanyň, Serbiýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň esgerleri hem gatnaşdylar.

Daşary ýurtly liderleriň köpüsi paraddan çetde durdular.

Fransiýanyň, Çehiýa Respublikasynyň, Horwatiýanyň we Hytaýyň liderleri 9-njy maýda geçiriljek parada gatnaşmagy göz öňünde tutupdylar. Emma parad 24-nji iýuna geçirileninden soňra, bu liderler ilki başdaky gelmek planlaryny ýatyrdylar.

Gyrgyz prezidenti Sooronbaý Jeenbekow parada gatnaşmak üçin Moskwa geldi. Emma onuň kömekçisinde we başpenasynda koronawirus ýüze çykarylanyndan soňra, ol parada gatnaşmady.

19-njy iýunda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Moskwada geçiriljek baýramçylyk dabaralaryna gatnaşyp bilmeýändigini aýtdy. Ol munuň sebäbini 29-njy iýunda 63 ýaşynyň dolmagy, pygamber ýaşyna ýetmegi bilen düşündirdi. Türkmen lideri ozal Moskwada 24-nji iýunda geçiriljek dabaralara gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edipdi we onuň şol wagt özüniň iýun aýynyň aýagynda belleýän doglan güni hakynda hiç bir pikir etmezligi synçylarda sorag döretdi.

Parada Belarusyň, Gazagystanyň, Moldowanyň, Serbiýanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň liderleri gatnaşdylar.

XS
SM
MD
LG