Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ aprelden bäri ilkinji gezek iň köp gündelik koronawirus näsagyny hasaba aldy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Tassyklanan koronawirus ýokaşmalarynyň sanynyň köpelmegi Birleşen Ştatlarda alada döredýär. 24-nji iýunda ýurt boýunça bir günüň dowamynda 34 müň 700 täze COVID-19 ýokaşmasy hasaba alyndy. Bu apreliň ahyrlaryndan bäri hasaba alnan iň ýokary gündelik sandyr.

Ýurtda boýunça gündelik hasaba alnan sanlaryň köpelmegi saglyk barlaglarynyň ymykly giňeldilmeginiň yzýany bolup geçýär, ýöne resmiler aladaly sebäbi, bir aýdan gowrak wagt bäri täze ýokaşmalaryň sany aşaklap barýardy.

Tehasyň häkimi ştatyň “köpçülikleýin ýokaşmalara” sezewar bolýandygy sebäpli adamlary öýlerinde galmaga çagyrdy, Arizonanyň häkimi bolsa adamlardan maska geýmegi talap etdi. Kaliforniýa 24-nji iýunda soňky 24 sagadyň dowamynda 7 müňden gowrak täze koronawirus näsagyny hasaba aldy, Floridada näsag sany bir günde 5 müň 500 adam köpeldi, bu geçen hepde goýlan rekord bilen deňeşdirilende 25 prosent ýokarlanmadyr.

ABŞ-da täze koronawirus keselinden 120 müňden gowrak adam öldi, bu keselden dünýäde 480 müňden gowrak adam heläk boldy.

Bu aralykda, 24-nji iýunda Braziliýada ýene 42 müň adamda koronawirus tassyk boldy, 1 müň 185 adam aradan çykdy diýip, ýurduň Saglyk ministrligi mälim etdi. Britaniýada saglyk birleşmeleri ýurtda petiklemeleri gowşadýan premýer-ministr Boris Jonsona berk duýduryş yglan etdiler we ikinji tolkun töwekgelçiliginiň bardygyny aýtdylar.

XS
SM
MD
LG