Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kazyýet Maýkl Fline garşy gozgalan jenaýat işini ýatyrmak barada karar berdi


Prezident Donald Trampyň öňki howpsuzlyk maslahatçysy Maýkl Flin
Prezident Donald Trampyň öňki howpsuzlyk maslahatçysy Maýkl Flin

Federal kaza ABŞ prezidenti Donald Trampyň öňki howpsuzlyk maslahatçysy Maýkl Fliniň garşysyna Federal derňew býurosyna (FBI) ýalan aýdylmagy boýunça gozgalan jenaýat işini ýatyrmaga görkezme berildi.

ABŞ-nyň Kolumbiýa etrap Şikaýat sudunyň üç kazydan ybarat topary ABŞ etrap kazysy Emmet Sulliwanyň mundan ozal iki gezek jenaýaty boýun alan Flini aklamak boýunça teklibi bermek ýa-da bermezlik barada karar çykarmagyna böwet bolup, oňa 2 kazynyň garşylyk 1 kazynyň razyçylyk bildiren sesi bilen Fliniň we Tramp administrasiýasynyň peýdasyna karar çykardy.

Bu karar Sulliwanyň 16-njy iýulda geçiriljek diňlenişige goşulmagynyň öňüni alýar. Bu diňlenişikde pensiýadaky sudýa Jon Glison Fline garşy gozgalan işiň ýatyrylmagyna garşy çykyş eder. Sulliwan Glisony “kazyýetiň dosty” (amicus curiae) hökmünde belläpdi.

Trampyň öňki birnäçe kömekçileriniň hatarynda goşunyň pensiýa çykan general-leýtenanty Fline ABŞ-nyň 2016-njy ýyldaky prezidentlik saýlawlaryna Moskwanyň gatyşygy boýunça öňki ýörite prokuror Robert Mýulleriň geçiren derňewinde aýyplama bildirildi.

Flin şol wagtky rus ilçisi Sergeý Kislýak bilen geçiren gürrüňleri barada Federal derňew býurosyna (FBI) iki gezek ýalan sözländigini boýun aldy. Soňra Flin aklawçylaryny çalyşdy, FBI-y özüne duzak gurmakda aýyplady we gozgalan işiň ýatyrylmagyny sorady.

XS
SM
MD
LG