Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

COVID-19: Gyrgyzystan täzeden adatdan daşary ýagdaý yglan etmegi göz öňünde tutýar


Bişkekde medisina işgäri adamlaryň beden gyzgynlygyny ölçeýär
Bişkekde medisina işgäri adamlaryň beden gyzgynlygyny ölçeýär

Gyrgyzystanyň Saglyk ministrligi koronawirus ýokanjynyň täzeden janlanmagy sebäpli iki iri şäherde we iki welaýatda Bişkek hökümetiniň adatdan daşary ýagdaýy yglan edip-etmezlik barada 25-nji iýunda karar kabul etjekdigini aýtdy.

25-nji iýunda saglyk ministriniň orunbasary Mädemin Garataýew hökümetiň hususan-da Bişkek hem-de ikinji iň uly şäher Oş barada, şeýle-de Oş we Çu welaýatlary barada aladalanýandygyny aýtdy.

Maý aýynda tamamlanan öňki adatdan daşary ýagdaý wagtynda Gyrgyzystanda birnäçe şäher we etraplar, şol sanda komendant sagady yglan edilen Bişkek petiklenipdi.

Gyrgyz prezidenti Sooronbaý Jeenbekow II Jahan urşunyň tamamlanmagy mynasybetli 24-nji iýunda Moskwada geçirilen parada gatnaşyp bilmedi. Sebäbi onuň rus paýtagtyna baran uçarynyň bortundaky iki adamyň Moskwa baranlaryndaky koronawirus testleri oňyn netije görkezdi.

Jeenbekowyň edarasy AÝ/AR-yň Gyrgyz gullugyna prezidentiň diwanynyň daşary syýasat boýunça başlygy Daniýar Sydykowyň hem-de bir janpenanyň koronawirus testleriniň oňyn netije görkezendigini aýtdy.

25-nji iýunda Jeenbekowyň edarasy onuň sapar wagtynda tabşyran COVID-19 testiniň oňaýsyz netije görkezendigini, ýöne şonda-da onuň öz-özüni çäklendirjekdigini hem-de uzak aralykdan işlejekdigini aýtdy.

Garataýew 25-nji iýunda Bişkekde häkimiýetleriň prezidentiň we parlamentiniň umumy ştab-kwartiralaryny wagtlaýyn ýapmagy göz öňünde tutýandyklaryny aýtdy.

Jons Hopkins uniwersitetiniň sanlaryna görä, 25-nji iýuna çenli gyrgyz häkimiýetleri ýurtda 3 müň 726 adamda koronawirus keselini tassyklady, bu keselden 43 adam aradan çykdy.

XS
SM
MD
LG