Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetliler özgertmeler üçin ses berýär, bir saýlawçynyň iki ses bermek mümkinçiligi açyldy


Bezeg suraty. Krym, goňşy Orsýetde Konstitusiýa üýtgetmeleri üçin ses berilýär.

Kanun özgertmeleri tassyklanan halatynda gazanyljak ilkinji üýtgeşmeleriň biri Putiniň prezidentlik möhletiniň başdan, ýagny noldan sanalyp başlanmagy bilen bagly. Bu onuň häzirki möhleti 2024-nji ýylda tamam bolanda we 2030-njy ýylda gaýtadan prezidentlige dalaş etmegine ýol açar.

Orsýetliler prezident Wladimir Putiniň dolandyryşynyň ýene 12 ýyl uzaldylmagyna ýol açyp biljek konstitusiýa özgertmeleri üçin ses berip başlady.

25-nji iýunda Orsýetiň Uzak Gündogaryndaky adminstratiw regionlaryň ählisinde, 14-sinde hem ses beriş nokatlary açyldy diýip, sebit saýlaw komissiýalary we dolandyryş edaralary bu çäre boýunça ýedi günlük ses berişlik möhletiniň başlandygyny aýtdylar.

Saýlaw uçastoklarynyň bir hepdelik açylmagy, ýurtda koronawirus pandemiýasyna garşy göreşiň dowam etdirilmegi sebäpli, 1-nji iýulda, tutuş ýurt boýunça geçiriljek ses berişlik wagtynda birden köp adamyň toplanmagynyň öňüni almak bilen bagly.

Täze tassyklanan koronawirus näsaglarynyň sanynyň günde 7 müňden aşýan wagtynda geçirilýän ses berişlikler saglyk işgärleriniň arasynda alada döretdi.

Bu ses berişlik başda 22-nji aprele bellendi we pandemiýa sebäpli şu wagta çenli yza süýşürilmeli boldy. Saýlaw uçastoklaryna baryp bilmeýän adamlar üçin bolsa, 10-njy iýundan başlap, has irden ses bermäge rugsat berildi.

Putin şu aýyň başynda konstitusiýa üýtgetmeler girizmek boýunça ses berişligiň 1-nji iýulda geçiriljekdigini habar berdi, bu üýtgetmeler oňa, beýleki ygtyrýalyklar arasynda, indiki iki prezident saýlawynda prezidentlige kandidat bolmak hukugyny hemem berer.

Bu plan oppozisiýa agzalarynyň we adam hukuklaryny goraýjy toparlaryň ýiti tankytlaryna sebäp boldy, olar muny Putiniň häkimiýeti doly ele geçirmek synanyşygy diýip atlandyrdylar.

Kanun özgertmeleri tassyklanan halatynda gazanyljak ilkinji üýtgeşmeleriň biri Putiniň prezidentlik möhletiniň başdan, ýagny noldan sanalyp başlanmagy bilen bagly. Bu onuň häzirki möhleti 2024-nji ýylda tamam bolanda we 2030-njy ýylda gaýtadan prezidentlige dalaş etmegine ýol açar.

Häzirki düzgünler, şu möhleti tamam bolandan soň, Putine tapgyr üçünji möhlete dalaşgär bolmagy gadagan edýär.

Oppozisiýa kampaniýaçysy Alekseý Nawalnyý bu üýtgeşmeler baradaky pikiri soralanda, "Bu Konstitusiýanyň bozulmagy, agdarylyşyk" diýip jogap berdi.

25-nji iýunda ses berişlik başlanandan birnäçe sagat soň žurnalistler we aktiwistler şol bir adamlaryň iki gezek, ýagny bir gezek saýlaw uçastogynda, ikinji gezek onlýan arkaly ses berip bilýändigine ünsi çekdiler.

Mysal üçin, Ýagyş TW-niň (Dozhd) žurnalisti we alyp baryjy Pawel Lobkow irden Moskwanyň saýlaw uçastogynda ses berendigini, bir sagat soň bolsa, bu çärä gatnaşmak üçin hasaba alnandygy sebäpli, onlaýnda hem ses bermegi başarandygyny aýtdy.

“Iş ýapyldy ... Ulgam iki sesi sanady. Hemme zat wideo düşürildi. Düşnükli, bu ýagdaýda her döwlet işgäri tarapyndan 30 sesiň boljakdygy belli" diýip, Nawalnyý Lobkowyň wideosy onlaýnda peýda bolandan soň twitterde ýazdy.

Kreml pandemiýa wagtynda ses bermek bilen bagly aladalary ret etmek bilen, Orsýetiň koronawirusyň ýaýramagyny haýallatmagy başarandygyny aýtdy we saýlawçylaryň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin ähli zerur çäräniň görüljekdigini ynandyrmaga çalyşdy.

Jon Hopkins uniwersitetiniň hasabatyna görä, Orsýetde 600 müňden gowrak adama koronawirus ýokaşdy. Bu görkeziji ýurdy dünýäde üçünji orunda goýýar. Wirusdan ölenleriň sany 8500-den gowrak, ýöne hakyky sanlar has köpdür öýdülýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG