Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşkentdäki hususy klinikalar COVID-19 synaglaryna başlaýar


Daşkentdäki hususy klinikalaryň bäşisi koronawirus üçin tölegli synaglary geçirmek barada paýtagtyň sanitariýa we epidemiologiki abadançylyk merkezi bilen şertnama baglaşdy.

Bu barada Özbegistanyň Saglyk ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Merkeziň başlygy Malika Kudrathojaýewanyň sözlerine görä, 25-nji iýuna çenli “Tibbiot Dünýesi”, “Şweýsar laboratoriýasy”, “Witros diagnostika”, “Genotehnologiýa” we “Akfa Medline” klinikalary bilen şertnama baglaşyldy.

Merkez bu klinikalaryň barlaghanalaryndaky şertleri öwrenip, olaryň kesgitlenen talaplara laýyk gelýändigi baradaky netijä geldi.

Bu hyzmat 24-nji iýunda "Tibbiyot Dünýesi" klinikasynyň synaglary bilen başlandy. Beýleki klinikalaryň şu hepdäniň ahyryna çenli synag geçirip başlajakdygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG