Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Aeroflot” daşary ýurt gatnawlaryny ýük uçuşlary görnüşinde dikeldýär


Serhetleriň koronawirus pandemiýasy we hökümetiň 27-nji martdan bäri halkara gatnawlaryny resmi taýdan gadagan etmegi sebäpli ýapylandygyna garamazdan, “Aeroflot” iň bolmanda tomsuň başyndan bäri daşary ýurtlara ýolagçy gatnatmagyny dowam etdirýär.

“Vedomosti” neşiri bu maglumaty “Aeroflotyň” we şoňa meňzeş üç awiakompaniýanyň işgärlerine salgylanyp çap etdi.

Awiakompaniýanyň ätiýaçlyk ulgamyndaky maglumatlardan görnüşi ýaly, häzirki wagtda “Aeroflot” uçuşlary Moskwadan Frankfurt, Pariž, London, Nýu-Ýork, Seul, Tel Awiw, Nitsa, Barselona we Rim gatnawlarynda elýeterli bolup durýar.

“Aeroflot” bu halkara ýolagçy gatnawlaryny ýük gatnawlary hökmünde dolandyrýar we şeýlelikde gadaganlykdan sowulmagy başarýar diýip, awiakompaniýanyň iki işgäri neşire aýtdy.

Uçar biletleri Federal howa transport gullugynyň rugsady bilen satylýar we birnäçe esse gymmat düşýär diýip, habarda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG