Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Kreml Lukaşenkanyň saýlawlara gatyşmak baradaky sözlerini ret etdi


Aleksandr Lukaşenka

Orsýetiň prezidentiniň metbugat sekretary Dmitriý Peskow Aleksandr Lukaşenkanyň Kremliň Belarusyň baştutanynyň saýlanmagyna gatyşmagy barada aýdanlaryny ret etdi.

Peskow şeýle aýyplamalary öňe sürýän tarapyň "haýsydyr bir delil getirmelidigini, ýöne olaryň ýokdugyny" aýtdy. "Bu mesele boýunça öz derňewimiz barada aýdanymyzda, hudaýa şükür, biz Waşingtonda ýaşamaýarys" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Belarusyň prezidenti Lukaşenka dördünji gün Orsýet we Polşa tarapyndan içerki işlere we saýlawlara gatyşylýandygyny mälim etdi. Ol gatyşma barada hiç hili anyk maglumat bermedi, diňe "häzirki Belarus häkimiýetine garşy çykýanlar adalatly we mynasyp saýlawlary talap edýär, ýöne özleri-de karamlyk edýär" diýmek bilen çäklendi.

Lukaşenkanyň pikiriçe, oppozisiýa kandidatlarynyň arkasynda gurjakçylar bar.

Belarusyň baştutany telegramada "Rus gurluşlary" tarapyndan ýaýradylýan "aýylganç galplyklardan" hem nägile boldy. Lukaşenka ýakyn wagtda Wladimir Putin bilen saýlawlara gatyşmak meselesini ara alyp maslahatlaşmakçy bolýar.

Belarusda geçiriljek prezident saýlawy 9-njy awgusta planlaşdyryldy. 1994-nji ýyldan bäri ýurda ýolbaşçylyk edip gelýän Aleksandr Lukaşenka altynjy möhlete prezident bolmaga dalaş edýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG