Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AI Belarusdaky prezident saýlawynyň öňünden geçirilýän 'arassalaýyşy' ýazgarýar


Belarusyň meşhur blogçylary

“Amnesty International” guramasy Belarus häkimiýetleriniň 9-njy awgustda geçiriljek prezident saýlawynyň öňünden, söz azatlygyny çäklendirmek çäreleriniň çäginde, "başgaça pikirli adamlardan doly saplanmak" ugrunda hereket edýändigini aýdýar.

Häkimiýetler prezident Aleksandr Lukaşenkanyň yzly-yzyna altynjy möhlete dalaş edýän saýlawlarynyň öňünden, tankydy garaýyşlary basyp ýatyrmak üçin, "repressiw kanunlary" ulanýarlar diýip, Londonda ýerleşýän adam hukuklary toparynyň Belarus boýunça baýry kampaniçysy Aýşa Lang 26-njy iýunda aýtdy.

Lang azyndan üç sany meşhur Belarus bloggeriniň, Azatlyk radiosynyň täze media tehnologiýalary boýunça geňeşçisi Ihar Losigiň, Syharhiý Pýatruhiniň we Syarhiý Sparişiň bir gün ozal, öz sözleri bilen aýdylanda, "galp" aýyplamalar esasynda tussag edilmegine reaksiýa bildirdi.

“Oppozisiýa kandidatlary, goldaýanlar we garaşsyz metbugat esassyz tussag edilmek, agyr jerime we türme tussaglygy bilen ýüzbe-ýüz boldy. Indi bolsa sosial mediadaky işjeň adamlar nyşana alynýar” diýip, ol aýtdy.

Lang azyndan iki sany meşhur blogçynyň - Uladzimer Nyaronski bilen Uladzimer Tsyhanowiçiň eýýäm tussag edilendigini we jenaýat jogapkärçiligine çekilendigini hem sözüne goşdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG