Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nur-Soltanda COVID-19-dan ýene sekiz ölüm hasaba alyndy


Nur-Soltanyň etegindäki oba ýoly
Nur-Soltanyň etegindäki oba ýoly

Ýurduň saglyk ministrliginiň 27-nji iýun agşamy beren habaryna görä, Gazagystanyň paýtagtynda koronawirus ýokuşan sekiz näsag öldi. Ýogalanlar 1947, 1955, 1960 we 1955-nji ýyllarda doglan erkekler, 1947, 1960, 1950 we 1960-njy ýyllarda doglan aýallar bolup durýar.

Häkimiýetler altynjy gün öýlän Nur Soltanda COVID-19-dan ölen sekiz adamyň hasaba alnandygyny habar berdiler. Şeýlelik bilen, 27-nji iýunda Saglyk ministrligi paýtagtda, wirus ýokuşanlaryň sanynyň bäş müňe golaýlaýan şäherinde 16 adamyň ölendigini tassyklady.

Nur-Soltanda COVID-19-dan jemi 61 adamyň ölendigi hasaba alyndy, Gazagystanda bu keselden 166 adam öldi.

Saglyk barlagyndan geçirilen we oňyn koronawirus netijesi bilen ölenleriň onlarçasy wirusdan ölenleriň statistikasyna goşulmaýar, sebäbi, häkimiýetleriň maglumatyna görä, olaryň ölüminiň sebäbi beýleki keseller bolup, COVID-19 “ugurdaş diagnoz” hökmünde görkezildi.

Iýun aýynyň başyndan bäri Gazagystanda COVID-19-dan ölenleriň sany dört esse artdy. Karantin çäreleri gowşadylandan soň ölüm derejesiniň ýokarlanýandygy belli boldy.

Uly şäherleriň we sebitleriň ýaşaýjylary tiz kömek ulagynyň gelmegine köp wagt garaşmakdan we hassahana ýerleşdirilmezlikden şikaýat edýärler. Ýokanç kesellileriň keselhanalary näsagdan doly. Şol bir wagtda häkimiýetler hassalary bejermek üçin “ýeterlik serişdäniň” bardygyny aýdýarlar.

Bütindünýä saglyk guramasy Gazagystany "wirusyň çalt ýaýraýn" ýurdy hökmünde kesgitledi. Gazagystanda ýokuşan täze koronawirusyň sany aýyň başyndan bäri üç esse artdy. Häkimiýetleriň habar bermegine görä, wirus ýokuşanlaryň umumy sany 34,867 adam.

XS
SM
MD
LG