Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkiýede ýene 121 adam ömürlik tussaglyga höküm edildi


Tussagy alyp barýan žandarma ofiserleri.

“Anadolu” döwlet habar gullugynyň maglumatyna görä, Ankara sudy 2016-njy ýyldaky şowsuz harby agdarylyşyk bilen baglanyşykly işde 121 adamy ömürlik azatlykdan mahrum etdi.

86 adam ömürlik tussaglyk möhletini "berk düzgünli" türmelerde geçirmeli bolar, hökümde olaryň konstitusiýany bozmaga synanyşandyklary aýdylýar.

Şol bir höküm çykarylan 35 adam bolsa, türme möhletini "berk düzgünli" däl tussaghanada geçirer. Günäkärlenenleriň ählisi Ankaradaky žandarma merkezine hüjüm etmek bilen, agdarylyşyk etmek synanyşygynda aýyplandy.

Iş kesilenleriň biri, öňki polkownik, "bilkastlaýyn adam öldürendigi" üçin berk düzgünli türmede dokuz gezek ömürlik tussaglyga höküm edildi.

Öňki polkownik terrorçylyga garşy polisiýa bölüminiň komandirini we onuň janpenasyny öldürmek buýrugyny bermekde aýyplandy. Agyr ýaralanan komandir aman galdy, onuň janpenasy aradan çykdy.

Türkiýede 2016-njy ýyldaky harby agdarylyşyk synanyşygyna gatnaşandygy üçin ömürlik azatlykdan mahrum edilenleriň umumy sany 1934 adam bolup durýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG