Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanyň prezident diwanynyň 17 işgärine Covid-19-yň ýokuşandygy tassyklandy


Premýer-ministriň ygtyýarlyklary tabşyrylandan soň hökümet binasynyň daşynda düşürilen surat. 2020-nji ýylyň 17-nji iýuny.

Gyrgyzystanyň prezident administrasiýasynyň ýene dokuz işgärine Covid-19-yň ýokuşandygy tassyklandy. Şeýlelikde, prezident diwanynda wirus ýokuşan näsag işgärleriň umumy sany 17 adama ýetdi. Bu barada döwlet baştutanynyň metbugat gullugy habar berdi.

Prezident diwanynyň sekiz işgärinde koronawirus ýüze çykarylandan soň, galan işgärleriň hemmesi saglyk barlagyndan geçdi. Beýlekiler bilen bir hatarda, prezident diwanynyň başlygy Dosaly Esenaliýewe hem COVID-19-yň ýokuşandygy anyklandy.

Metbugat gullugy olaryň hemmesiniň öýde, saglyk maslahatyny almak bilen, uzak aralykdan işlemegini dowam etdirýändigini aýtdy.

Prezident Sooronaý Jeenbekow 24-nji iýunda Moskwa geldi, ýöne ol sapara bile gelen iki işgäriň wirus barlagynda oňyn netije görkezendigi sebäpli Orsýetde gijikdirilip guralan Ýeňiş paradyna gatnaşyp bilmedi.

Jeenbekow we onuň delegasiýasy Moskwadan gaýdyp geleninden soň, koronawirus ýokuşmasynyň bardygyny barlamak üçin ikinji synagdan geçdi. Prezidentiň saglyk barlagy wirus babatynda negatiw netije görkezdi, ýagny oňa bu kesel ýokuşmandyr, ýöne Jeenbekow izolýasiýa edilmegini dowam etdirýär we uzakdan işleýär.

27-nji iýunda irden berlen maglumatlara görä, Gyrgyzystanda 309 sany täze COVID-19 näsagy ýüze çykaryldy. Bu ýurtda epidemiýa başlanaly bäri gündelik iň ýokary ösüşdir. Ýurtda jemi 4,5 müň adama koronawirus ýokuşdy, resmi maglumatlara görä, bu keselden 46 adam heläk boldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG