Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Hökümet biziň ýakynlarymyzy goramady". Koronawirusdan ýogalanlaryň ýakynlary adalaty talap edýärler


Merhumy jaýlamak gullugynyň işgärleri COVID-19 bilen ýogalanyň tabydyny alyp barýarlar. Barselona. 2020-nji ýylyň 17-nji maýy.
Merhumy jaýlamak gullugynyň işgärleri COVID-19 bilen ýogalanyň tabydyny alyp barýarlar. Barselona. 2020-nji ýylyň 17-nji maýy.

Dünýäniň dürli ýurtlarynda COVID-19 wirusyndan ýogalanlaryň yzynda galan maşgalalary suda ýüz tutup, ölümiň ýüze çykmagy bilen baglanyşykly hökümet çinownikleriniň jogapkärçilige çekilmegini talap edärler. Olaryň pikirine görä, jogapkär resmiler koronawirus epidemiýasyna garşy wagtynda hereket etmändirler ýa-da wagtynda ýerlikli çözgüde gelmändirler.

Ýogalanlaryň sany haýykdyryjy derejede, ol şindizem dowam edýär. Koronawirus pandemiýasy 454 müňden gowrak adamyň ölümine getirdi. Ynsan ömri zaýalandy, girdeji çeşmeleri ýitirildi, ykdysadyýet pese çökdi.

Koronawirusa öz ýakynlaryny aldyran maşgalalar, aýratyn-da epidemiýa garşy örän haýal reaksiýa bildiren ýa-da kynçylygy çözmek üçin netijesiz çäreleri öňe süren ýurtlaryň adamlary kanun goraýjylardan hem jogapkär ýolbaşçylardan adalaty talap edýärler. Olaryň pikirine görä, kyn ýagdaý ýüze çykanda, çinownikler gödek ýalňyşlara ýol beripdirler.

Hökümete garşy berlen ilkinji sud derňewleriniň barşyny yzarlaýan dünýä, jemgyýetçiligiň bildirýän talabynyň hereketsiz galýandygyna ýa-da kanagatlanarly çözülmeýändigine syn edýär. Bu ýagdaý käbir döwletler – jogap bermeliler öz işlerini ýuwaş-ýuwaşdan dikeldýän, hatda infeksiýanyň ikinji tolkunynyň howpunyň ýokarlanýan döwrüne gabat gelýär.

Koronawirusdan agyr ýitgi çeken Ýewropa döwletleriniň käbir hökümet ýolbaşçysyny COVID-19 wirusyna garşy görlen çärler boýunça prokuraturada sorag edýärler. Beýleki bir ýurtda bolsa graždanlar gödek geleňsizlik sebäpli Ministrler kabinetini suda berýär.

Adalaty yzlap, ýönekeý graždanlardan suda ýüz tutanlary-da bar. Olaryň pikiriçe, hökümetiň owal başda gelen kararlary netijesiz bolup, munuň özi geçirimisiz adam ölümine getiripdir.

ITALIÝA

«Bu bolup geçen ýagdaý indi gaýtalanmaly däl hem bu şekilli-de gutarmaly däl... Onuň sud çözgüdi bolmaly, şonuň üçin biz suduň degerli çözgüdine bil baglaýarys» diýip, öz golaýlaryny ýitiren italiýalylar tarapyndan döredilip, Noi Denunceremo atlandyrylan topar Facebook’da ýagdaýa kommentariýa berýär.

Italiýanyň Bergamo şäheriniň prokuraturasyna ýüzlerçe arza gowuşdy. Olar koronawirus pandemiýasy başlanan wagtynda, Lombardiýa oblastynda oňa garşy görlen ýa-da görülmedik çärede hökümetiň hereketini ýazgarýarlar.

Italiýanyň demirgazygyndaky Serrawelle-Skriwiýa ybadathanasynda goýlan COVID-19-dan ýogalanlaryň tabytlary.
Italiýanyň demirgazygyndaky Serrawelle-Skriwiýa ybadathanasynda goýlan COVID-19-dan ýogalanlaryň tabytlary.

Arzalaryň köprägi şol sebitiň çinowniklerine degişli bolup, graždanlar koronawirusyň başky etabynda häkimiýetleriň bu barada ýeterlik informasiýa bermedigi hem-de onuň çalt ýaýramak howpy barada ilata duýduryş edilmedigi üçin olary günäkärleýärler. Şonuň bilen birlikde medisina işgärleriniň ýeterlik indiwidual gorag serişdeleri bilen üpjün edilmedigini, Italiýada karantin girizilse-de, Lombardiýanyň birnäçe şäheriniň «gyzyl zona» girizilmedigini öňe sürýärler. Noi Denunceremo — COVID-19-yň pidalary üçin hakykaty hem adalaty dikeltmek Komitetiň Facebook sahypasynda döredilen topar 55 müňden gowrak pikirdeşi özünde jemleýär.

«Biziň maksadymyz sada: biz hakykaty isleýäris! Näme üçin hut Lombardiýada, aýratynam Bergamo bilen Breşide şeýle köp adam ölendigini bilmek isleýäris. Wirus bütin dünýä ýaýranam bolsa, hut şol ýerde näme üçin şeýle köp adam ölýär?» diýip, Noi Denunceremo inisiatiwasy toparynyň wise-prezidenti Stefany Fusko Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugyna ýazdy.

Bergamo dünýäde, şol wagtyň özünde Italiýada hem iň agyr ýitgi çeken şäherlerden biri boldy, ol ýerde COVID-19 netijesinde 237 müňden gowrak adam keselläp, olardan ýogalanlar 34 müňden hem aşdy.

Arza-talaplaryň köp bölegi premýer-ministr Juzeppe Kone garşy, epidemiýa başlanan wagtynda, Bergamoda goýberilen ýalňyşlyklar hem elden giderilen pursat üçin, golaýda prokuratura ony üç sagatlap sorag etdi.

Häzirki wagtda Noi Denunceremo toparynyň esasy maksady jenaýat işlerini yglan etmek hem geljekde graždanlyk işleriniň açyk galmagyny gazanmak bolup durýar.

BEÝIK BRITANIÝA

«Biz öz gynanjymyzy paýlaşyp, hökümetiň eden hereketi barada gürleşmeli hem-de bir zatlar etmeli diýen karara geldik» diýip, Meet Fauler ýazýar.

Koronawirus infeksiýasyna ýoluganlaryň sany boýunça Birleşen Korollyk dünýäde 5-nji orunda durýar. Olarda 300 müňden gowrak adama bu infeksiýa ýolukdy, olardan 42 müňden gowrak adam ýogaldy.

Londonyň awtobus duralgasynda duran gorag maskaly ýolagçylar. 2020-nji ýylyň 10-njy iýuny.
Londonyň awtobus duralgasynda duran gorag maskaly ýolagçylar. 2020-nji ýylyň 10-njy iýuny.

Häzir adwokatlar talap arzalaryny taýýarlaýarlar, olar bolup geçen ýagdaý dogrusynda çinownikleriň hereketini açyk barlamak işine girişilmegi üçin, sud häkimiýetleri hökümeti mejbur eder diýip umyt edýärler.

— Elbetde, Beýik Britaniýa pandemiýadan doly gutulyp bilmezdi, ýöne hökümet öz wagtynda aýaga galan bolsa, biziň ýakynlarymyzyň ölümini azaldyp bilerdi. Öz ýakynlarymyzyň hatyrasyna biz jemlenişip, adalaty gazanmak isledik – diýip, Britaniýadaky COVID-19 bilen bagly «Ýogalanlaryň maşgalasy adalat ugrunda» atly inisiatiwany döredijilerden biri Mett Faýler Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugyna aýtdy.

Faýleriň guramasy COVID-19-yň pidasy bolanlaryň 450-den gowrak hossaryny özünde jemleýär, olar premýer-ministr Boris Jonsona hem-de saglygy saklaýyş ministri Metty Henkoka ýazylan hatda, açyk derňew işleriniň geçirilmegini talap edýärler. Olaryň ýazmagyna görä, karantin bir hepde öňräk girizilen bolsa, Britaniýadaky ölenleriň sany azrak bolardy.

Hökümet umumy milli karantini 23-nji martda girizdi, bu bolsa ýurtda ilkinji koronawirus näsagynyň hasaba alnanyndan iki aý çemesi soňrakdyr.

«Ýogalanlaryň maşgalasy adalat ugrunda» hereketi Beýik Britaniýadaky epidemiýanyň heläkçiligi bilen baglanyşykly adalat ugrunda göreşýän ýeke-täk topar däl.

Hususy ýuridiki firmalar hem COVID-19-dan jebir çekenleriň hossarlary bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny mälim etdiler. Olardan Jo Moem tarapyndan esaslandyrylan kommersiýa maksatly bolmadyk The Good Law Project atly gurama Britaniýanyň Wraçlar assosiasiýasy bilen crowdfunding, ýagny halk maliýesi işine başlamakçy hem öň hatarda duran medisina işgärleriniň ölümi boýunça hökümeti jogapkärçilige çekmekçi.

HYTAÝ

«Men aşa gaharly... pandemiýa wagtynda şeýle köp adam öldi. Olaryň eden işleri – adam öldürmäge deňeçer» diýip, Çžan Ha – COVID-19-yň pidasynyň ogly aýdýar. Ol barada Telegraph neşiri habar berdi.

Bu koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly Hytaýdaky hökümete garşy berlen ilkinji talap arzasy hasaplanýar.

Britaniýanyň gündelik gazeti Telegraph’yň 14-nji iýunda ýazmagyna görä, Çžan Hanyň 76 ýaşly kakasy COVID-19 wirusyndan ölüpdir, ol indi hökümetden ýeten zyýanyň öwezini dolmagy talap edýär. Ol hökümeti jemgyýetde dörän agyr ýagdaýa ýeterlik ähmiýet bermezlikde aýyplaýar.

Çžanyň: «Eger hökümet owal başda beýle keseliň bardygyny ýaşyrmadyk bolsa, meniň kakam ölmezdi» diýenini Telegraph sitirleýär.

Çžan ýitginiň öwezi üçin, hökümetden tas iki mln. ýuan (ABŞ-yň 280 müň dollary) talap edýär. Onuň aklawçysynyň aýtmagyna görä, öň görülmedik beýle sud talaby diýseň sowuk garşylanypdyr.

FRANSIÝA

«Biziň syýasy liderlerimiz agyr pursat gelende, özleriniň ýeterlik çözgüt tapmaýandygy, garaşylmadyk ýagdaýa taýýarlygynyň ýokdugyny açyk görkezdiler» diýip, Fransiýanyň hökümetini jenaýat jogapkärçiligine çekmek işini taýýarlaýjylara kömek edýänler aýdýarlar.

Koronawirus infeksiýasyna ýokuşanlaryň sany boýunça dünýäde 11-nji orunda durýan Fransiýada ýüzlerçe wraç hem ýurduň premýer-ministri Eduard Filippi hem-de ýurduň öňki saglygy saklaýyş ministri Anýes Býuzeni jenaýatda aýyplaýan topara goşulýarlar.

Hökümete garşy berlen talap arzasyndan soňra ony guraýjylar ýarym milliondan gowrak adamyň goluny ýygnadylar.

Häzirki wagtda koronawirus öjügen wagtynda goýberen geleňsizligi üçin, fransuz hökümeti özüne garşy gozgaljak 80 sud işiniň alnynda durýar.

Fransiýada karantin çäreleri gowşadylansoň, Nisse şäheriniň metrosynda duran ýolagçylar özara çägi saklaýarlar. 2020-nji ýylyň 11-nji maýy.
Fransiýada karantin çäreleri gowşadylansoň, Nisse şäheriniň metrosynda duran ýolagçylar özara çägi saklaýarlar. 2020-nji ýylyň 11-nji maýy.

ISPANIÝA

Ispaniýa koronawirus bilen kesellänleriň sany boýunça Ýewropada başky orunda durýar, olarda 244 müň adama COVID-19 wirusy ýokuşypdy. Olardan ölenleriň sany boýunça Ýewropada üçünji orunda, ýagny Italiýadan hem Fransiýadan soňky orny eýeläp, 27 müňden gowrak adam ýitirdi. Häzir müňlerçe adam ýurduň premýer-ministri Pedro Sançese hem onuň hökümet agzalaryna garşy «gödek geleňsizlik sebäpli adam ölümi» diýen aýyplama bilen talap arzasyny berdi.

Ýurduň Ýokary suduna gowşan arzanyň çäginde Sançes hem onuň hökümetindäki 22 çinownik COVID-19-yň ýaýramagyna ýol bermekde öz hereketleri ýa-da hiç bir hereket etmedikleri bilen ýol berlen geleňsizlikde aýyplanýar.

SUD DERŇEWLERI

Häzirki döwürde görlüp-eşidilmedik epidemiýanyň ýaýramagyna kimdir birleri jogap bermelimi, ol jogapkärçilige çekilip bilermi diýen sowal döredýär.

Käbir ýurist-alymlar graždanlaryň saglygyny goramak işini adamyň fundamental hukugy hasap edýärler, şeýle hem Bütindünýä Saglyk guramasynyň (BSG) beren rekomendasiýalaryny ýerine ýetirmekden ýüz öwürmeklige BMG degişli Halkara medisina-sanitar hukuklary (HMSH) esasynda döwletiň öz boýun alan borçnamasyny bozýan hökmünde seredilip bilinjekdigini aýdýarlar.

Maskaly adamlar Barselonanyň köçesinde gazet okaýarlar. 2020-nji ýylyň 4-nji maýy.
Maskaly adamlar Barselonanyň köçesinde gazet okaýarlar. 2020-nji ýylyň 4-nji maýy.

Maks Planka adyndaky Deňeşdirme hukuklar hem halkara hukuklary nemes Institutynyň uly ylmy işgäri Pedro Wilýarreal öz garaýşyny beýan edip, BSG-niň rekomendasiýasyndan haçan ýüz öwrülendigini, munuň hakykatdanam düzgüni bozmamy ýa-da däldigini sorag astynda goýýar.

«Jogap bermek [jedelli], meniň garaýşym şeýle: bu ýagdaýa bagly bolar» diýip, halkara hukuklarynyň ara alnyp maslahatlaşylýan Opiniojuris.org blogyndaky makalasynda ýazdy.

HMSH birnäçe örän berk borçlary nazarda tutýandygyny Wilýarreal belleýär, olaryň derejesini iş ýüzünde kesgitlemek mümkin. Meselem, şol topara keseliň ýaýraýandygy barada, BSG-ni habarly etmegiň möhümdigi girýär.

Wilýarrealyň sözüne görä, HMSH-niň 43-nji maddasynyň bir böleginde, koronawirus pandemiýasyna gatnaşygy meselesinde, hökümete garşy talap arzasyny bermegiň hukuk ugurlary görkezilýär. «Tutuşlygyna alnanda, ol “üýtgewsiz berk” däl, ýagny BSG-niň rekomendasiýasyny äsgermezlik jenaýata getirýär diýip bolmaz» diýýär.

Mundan soňra Wilýarreal «Aýry-aýry adamlar, (sebitdäki) ynsan hukuklaryny goraýjylar ýa-da milli sudlar düzgün bozmalar ýüze çykyp, heläkçilik döredi diýip hasap edýän bolsalar, teoretiki taýdan BMG-ndäki Halkara medisina-sanitar hukuklaryna esaslanyp bilerler» diýip ýazdy.

Ýöne ol munuň bilen birlikde: «HMSH guramasyna döwlet derejesinde ýüz tutmak mümkin bolsa-da», hereket edýän kanun düzgünlerine görä, ony «subutnama talap etmeýän» kanun hasaplap bolmajagyny aýtdy.

Materialy taýýarlamaga Tatýana Sawçuk, Dawid Akselrod hem Maýkl Skollon gatnaşdylar.

AÝ/AR-nyň Ukrain gullugy.

XS
SM
MD
LG