Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

COVID-19: Dünýäde ýogalanlaryň sany 500 müň adama ýetdi


illustrasiýa suraty

COVID-19 keselinden ýogalanlaryň sany 28-nji iýunda dünýäde 500 müň adamdan geçdi, wirus 10 milliondan gowrak adama ýokaşdy.

Soňky döwürde sanlaryň köpelmegi ýurtlaryň ykdysadyýetini açmak üçin eden ädimlerini täzeden gözden geçirmäge mejbur edýär. Şol günüň özünde Bütindünýä saglyk guramasy (BSG) dünýäde tassyklanan koronawirus keselli adamlaryň sany boýunça gündelik rekordyny yglan edende, 24 sagadyň dowamynda olaryň sany 189 müň adamdan gowurak bolpdyr.

Bu sanlar keselçiligiň tutuş dünýäde ýaramagyny dowam edýändigini görkezýär. Dünýäde ölenleriň dörtden bir bölegine golaýy ABŞ degişli, bu ýurduň birnäçe ştaty gaýtadan çäklendirme girizdi.

Kaliforniýa, Florida we Tehas barlary we plažlary ýapdy, sebäbi adamlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň köpelmegi keseliň köpelmegine sebäp boldy. Günorta Koreýa, Britaniýa we Kosowa we ýene başga-da birnäçe ýurt keseliň ýaýramagynyň öňüni almak üçin çäklendirmeleri täzeden girizmegi göz öňünde tutýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG