Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti 'Türkmeniň Altyn asyr' pemiýasyny paýlady


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkenistanyň prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» premiýasy gowşurldy. Edebiýat, medeniýet we sungat igärleri, şeýle-de çeper ýaşlary we zehinli çagalar üçin niýetlenen bu baýrak medeniýet ugrundan goşant üçin gowşurylýar.

TDH habarlar gullugynyň maglumatyna görä, iň gowy makalalar kategoriýasynda üç adam, şol sanda Aşgabat prokuraturasynyň kämillik ýaşyna ýetmedikler we ýaşlar boýunça kanunyň ýerine ýetirilmegine gözegçilik bölüminiň prokurory sylaglanypdyr. Olara Türkmenistanyň prezidentiniň altyn zynjyry we 3500 manat peşgeş berilipdir.

Şuňa meňzeş sowgatlar iň gowy kitaplar we dizeýn işleri, tele-radio gepleşikleri, kinofilmler we teatr sahnalary, tans we aýdym-az eserleri, haly we keçe önümleri ýaly jemi 9 kategoriýa boýunça saýlanan wekillere berildi.

XS
SM
MD
LG