Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebabyň ýokanç keseller hassahanasynda 61 ýaşly bir adam koronawirusdan aradan çykdy. Aşgabatda köne dermanlar paýlandy


Lebap welaýatyndaky hassahanalaryň biri.
Lebap welaýatyndaky hassahanalaryň biri.

Türkmenabat şäherinde 61 ýaşly bir adam koronawirusdan aradan çykdy. Merhum 2-nji şäher poliklinikasyndaky lukmanyň adamsydy. Bu adam keselhana ýerleşdirilenden birnäçe gün soň, ýagny 27-nji iýunda şäher ýokanç keseller hassahanasynda heläk boldy. Azatlygyň çeşmeleri ýokanç keseller hassahanasyndaky, şeýle-de tutuş Lebap welaýatyndaky ýagdaýyň lukmanlary aladalandyrýandygyny aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynda ýogalan adamyň şahsyýeti we ýaşaýan ýeri barada maglumat bar. Azatlyga onuň ýogalandygy baradaky maglumaty 2-nji şäher poliklinikasynyň administrasiýasyna ýakyn bir çeşme habar berip, merhumyň bu saglyk merkeziniň lukmanynyň adamsydygyny aýtdy.

“1959-njy ýylda doglan bir adam 27-nji iýunda Türkmenabat şäheriniň ýokanç keseller hassahanasynda aradan çykdy. Mundan öň ol Türkmenabadyň köpugurly keselhanasynda saklanýardy. Emma 25-nji iýunda onuň saglyk ýagdaýy agyrlaşanda, gyzgyny ýokarlanyp, dem almagy kynlaşanda, ony ýokanç keseller hassahanasyna geçirdiler. Aradan iki gün geçensoň, ol öldi” diýip, çeşmämiz gürrüň berdi.

Çeşmämiz adamyň ilkibada Lebabyň köpugurly keselhanasyna haýsy diagnoz bilen ýerleşdirilendigini anyklap bilmedi. Emma ol keselhananyň endokrinologiýa bölüminde saglyk bejergisini alýardy.

Çeşmämiziň sözüne görä, merhumyň 2-nji şäher poliklinikasynda işleýän aýaly (Redaksiýada aýalyň ady barada maglumat bar) geçen hepdäniň başyndan bäri karantinde saklanýar. Ýogalan adam ýokanç keseller hassahanasyna geçirilenden soň, onuň ýaşan obasynyň köçelerinde dezinfeksiýa işlerini geçirmek üçin sanitariýa gullugynyň işgärleri iberildi.

Şeýle-de, ýokanç keseller hassahanasynda onlarça koronawirus näsagy bar. Çeşmämiziň aýtmagyna görä, ýokanç keseller hassahanasyna iberilen hassalaryň ählisinde koronawirus testleri geçirilip başlandy.

“Häzirki wagtda ýokanç keseller hassahanasynda koronawirus bilen keselländigi güman edilýän 100 töweregi adam berk karantin astynda saklanýar. Olaryň ählisinde test geçirýärler, ýöne olaryň netijelerini mälim etmeýärler. Bu adama-da test etdiler, ýöne onuň netijesi yglan edilmedi” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi tutuş Lebap welaýatyndaky ýagdaýyň lukmanlary alada goýýandygyny hem aýtdy.

Bu aralykda, Aşgabatda Saglyk öýleriniň lukmanlary we şepagat uýalary COVID-19-yň öňüni alýan serişde hökmünde, ilata “Rimantadin” dermanyny paýlap başladylar.

“Maşgala lukmanlary we şepagat uýalary kwartiralara aýlanyp, derman paýlaýarlar. Olar maşgalanyň her bir agzasy üçin Rimantadiniň birnäçesini berýärler. Saglyk işgärleri koronawirusyň öňüni almak üçin bu dermanlary her gün içmegi maslahat berýärler” diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy gürrüň berdi.

Aşgabatda işjeň paýlanýan “Rimantadin” dermany Tatarystanyň “Tathimfarmpreparaty” kompaniýasy tarapyndan öndürildi.
Aşgabatda işjeň paýlanýan “Rimantadin” dermany Tatarystanyň “Tathimfarmpreparaty” kompaniýasy tarapyndan öndürildi.

“Rimantadin” wirusa garşy derman bolup, onuň koronawirusyň öňüni almak we bejermek bilen hiç hili arabaglanyşygy ýok. Mundanam başga, geçen asyryň 70-80-nji ýyllarynda Sowet Soýuzynda dümewiň öňüni almak üçin işjeň ulanylan bu dermanyň ulanyşdan galandygy bir eýýäm ykrar edilipdi. 2007-nji ýylda Russiýanyň Lukmançylyk Ylymlar akademiýasy “Rimantadini” könelişen derman diýip yglan etdi.

ABŞ-nyň Kesellere gözegçilik we öňüni alyş merkezleriniň 2011-nji ýyldaky hasabatynda grip wirusynyň häzirki zaman ştamlarynyň takmynan 100 göteriminiň agzalýan dermana garşy çydamlydygy aýdylyp, ony ulanmagyň maslahat berilmeýändigi mälim edildi.

Habarçymyzyň iberen suratlaryndan çen tutulsa, Ýöne Azatlyk Radiosyna bu demran serişdeleriniň haçan we kim tarapyndan Türkmenistana getirilendigini anyklamak başartmady.

Bu aralykda, Aşgabatdaky ýene bir habarçymyzyň aýtmagyna görä, geçen hepdäniň başynda ýurduň Eýran bilen serhedindäki sebitlere, Köpetdagyň dag gerişleriniň golaýyna uçardan himiki serişdeler sepildi. Bu keýikleriň we beýleki ösümlikleriň köpçülikleýin ýok bolmagyna sebäp boldy.

“Häkimiýetler Eýran tarapyndan özlerini koronawirusdan goramak üçin bu ädimi ätdiler. Munuň netijesinde ýüzlerçe keýik öldi. Hususan-da, Aşgabadyň günorta çetindäki asma ýoluň ýerleşýän töwereginde ençeme keýik heläk boldy” diýip, habarçymyz 29-njy iýunda gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosyna bu barada Aşgabat şäher häkimliginden, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden kommentariý almak başartmady.

Bu aralykda, Azatlygyň Lebapdaky çeşmesi goranmak ministri Begenç Gündogdyýewiň 11205 belgili harby garnizonda karantinde saklanýandygyny habar berdi. Mundan ozal Azatlygyň çeşmeleri Moskwadaky harby paradda bolup gaýdan 25 ofiseriň, şol sanda Gündogdyýewiň Türkmenabatda karantinde saklanýandygyny anyklapdylar.

“Gündogdýew 11205 belgili harby garnizon, “SMAZ” diýen ýerde saklanýar. Onuň daş-töweregini gije-gündiz esgerler goraýar” diýip, çeşmämiz 29-njy iýunda gürrüň berdi.

Şu hepde BSG-niň missiýasynyň Türkmenistana baryp, ýurtda koronawirus bilen bagly ýagdaýa baha bermegine garaşylýar. Türkmen häkimiýetleri ýurduň çäginde koronawirusyň ýokdugyny aýtmagy dowam etdirýärler.

Şol bir wagtda, Azatlygyň habarçylary we çeşmeleri Türkmenistanyň welaýatlarynda COVID-19 bilen keselländigi güman edilýän näsaglar üçin täze karantin lagerleriniň döredilendigini habar berýärler. Häkimiýetler alnyp barylýan bu işler barada ilata maglumat bermeýärler.

Nobatdaky karantin zolagy ýurduň günortasynda, Mary welaýatynda döredildi.

“Marynyň Sakarçäge etrabynyň ýokanç keseller hassahanasynda karantin zonasyny döretdiler. Hassahananyň çägine hiç kimi salmaýarlar. Lukmanlar aladalanýarlar, sebäbi taýynlyk ýok” diýip, Azatlygyň Baýramalydaky habarçy 26-njy iýunda habar berdi.

Mundan ozal Azatlygyň habarçylary Aşgabatdaky, Daşoguzdaky we Lebapdaky karantin zolaklary we olardaky ýagdaýlar barada jikme-jik maglumat beripdiler.

Häzirki wagtda Türkmenistanda COVID-19 häsiýetli alamatlar bilen ýiti pnewmoniýanyň ýaýrandygy habar berilýär. Hususan-da, paýtagtyň hassahanalary näsaglardan doly bolup, olaryň arasynda saglyk işgärleri hem az däl. Saglyk işgärleri özleriniň koronawirus bilen iş salyşýandyklaryna şübhelenmese-de, testleriň ýeterlik derejede geçirilmeýändigi we geçirilen testleriň netijeleriniň-de adatça gizlin saklanýandygy sebäpli, muny tassyklatmak häzirlikçe mümkin däl.

Azatlygyň habarly çeşmeleri türkmen hökümetiniň koronawirusyň ýaýrandygyny boýun almaga taýýarlanýandygyny, ýöne muny 29-njy iýunda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan güni bellenilenden soň amala aşyrylmagynyň ähtimaldygyny habar berdiler.

Türkmenistan ilatyň arasynda keselçiligiň derejesi baradaky statistiki sanlary çap etmeýär. Şeýle-de, häkimiýetler adatça tebigy betbagtçylyklar baradaky maglumatlary hem äsgermeýärler. Mysal üçin, olar ýurduň gündogar sebitlerine gelen apy-tupany heniz hem ykrar etmediler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG