Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň wekili Aşgabadyň COVID-19 'syryny' ýurtda ilatyň 'azlygy' bilen düşündirýär


Ýelena Panowa (sagdan ikinji), Aşgabat, iýun, 2020.
Ýelena Panowa (sagdan ikinji), Aşgabat, iýun, 2020.

Ý.Panowa özleriniň, beýleki ýurtlarda bolşy ýaly, resmi taýdan tassyklanan hadysalara, şol sanda Türkmenistanyň hökümetiniň beren maglumatlaryna bil baglaýandyklaryny, BSG-a şu wagtda çenli Türkmenistanda bu kesel bilen kesellän adamlar barada hiç bir maglumatyň gowuşmandygyny aýtdy. 

BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň başlygy Ýelena Panowa Türkmenistanda COVID-19-yň bolmazlygynyň sebäplerini hökümetiň öz wagtynda gören berk çäreleri we ilatyň azdygy, gür ilatly şäherleriň bolmazlygy bilen düşündirýär.

Bu beýanat garaşsyz žurnalistleriň ýurtda COVID-19 simptomly ýiti pnewmoniýanyň möwç alýandygy barada habar berýän wagtynda edildi.

Şu aralykda, BSG-nyň missiýasynyň ahyry, uzak dowam eden gijikmelerden soň, gelýän aýyň başynda Aşgabada barmagynyň resmi taýdan tassyklanandygy habar berildi.

BMG-niň resmi habar portalynda çap edilen söhbetdeşlikde aýtmagyna görä, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa bu ýurtda COVID-19 näsaglarynyň bolmazlygy bilen bagly ýagdaýa düşündiriş berende koronawirus ýokuşmalarynyň bolmazlygynyň anyk sebäplerini aýtmakdan saklandy, ýöne munuň görlen çäreler we ilat sanynyň örän azdygy bilen bagly bolmagynyň ahmaldygyny öňe sürdi.

Syzyp çykan maglumatlara görä, Türkmenistandan soňky on ýylda iki milliona çenli ýaşaýjy, iş gözläp, eklenç ugrunda daşary ýurtlara çykdy.

Mundan başga, sebitdäki ýurtlar bilen deňeşdirilende, syýasy-ykdysady azatlyklaryň aşa gysylmagy, işsizligiň dowamly ösmegi, saglyk hyzmatlarynyň derejesiniň ýyl-ýyldan pese gaçmagy bilen baglylykda, Türkmenistanda demografik ösüşiň hem haýallandygy bellenýär.

Ý.Panowa özleriniň, beýleki ýurtlarda bolşy ýaly, resmi taýdan tassyklanan hadysalara, şol sanda Türkmenistanyň hökümetiniň beren maglumatlaryna bil baglaýandyklaryny, BSG-a şu wagtda çenli Türkmenistanda bu kesel bilen kesellän adamlar barada hiç bir maglumatyň gowuşmandygyny aýtdy.

“Munuň sebäbi näme? – Bu barada kesgitli bir zat aýtmak kyn. Belki-de Türkmenistanda, köp ýurtlarda bolşy ýaly, epidemiýanyň öňüni almak we oňa garşy göreşe taýýarlyk babatynda öz wagtynda gaty çynlakaý çäreler görlendir. Ähtimal, sebäpleriň biri Türkmenistanyň hökümetiniň öz wagtynda syýahat çäklendirmelerini girizmegi we örän ir serhetleri ýapmagy, muňa çenli bolsa, halkara uçar gatnawlaryny Türkmenabatda ýörite zonalary bellenen içerki halkara uçar menziline iberip başlamagy bilen baglydyr” diýip, ol aýtdy.

BMG-niň wekiliniň sözlerine görä, Türkmenabada gelen ýolagçylary derrew ýörite bellenen zona eltip, iki hepdelik karantin astyna aldylar.

Mundan başga, Panowa Türkmenistanda ilatyň gürlüginiň gaty pesdigini, her inedördül kilometre 13 adamyň düşýändigini, gür ilatly şäherleriň ýokdugyny aýtdy.

Resminiň pikiriçe, bu hem COVID-19 ýokaşma hadysalarynyň bolmazlygynyň bir sebäbi bolup biler.

“Gündogar” neşiriniň belligine görä, Türkmenistanyň umumy meýdany 490 müň inedördül kilometre barabar bolup, bu meýdanyň 350 müň inedördülini Garagum çöli eýeleýär. Türkmenistanyň galan böleginde ilatyň gürlügi her inedördül kilometre 30-32 adamdan düşýär.

Şol bir wagtda, Ý.Panowa Türkmenistanda COVID-19 üçin synaglaryň geçirilip-geçirilmeýändigi, Türkmenistanyň saglyk ulgamynyň bu ýokanç kesele garşy göreşe taýynlygy barada berlen soraga ikuçly jogap berdi.

Onuň sözlerine görä, BSG keselde güman edilýän adamlaryň çalasyn barlanmagyny, synagdan geçirilmegini maslahat berýär.

“BMG-de Türkmenistanda näçe anyklaýyş enjamynyň taýýarlanandygy barada resmi maglumat ýok” diýip, ol sözüni dowam etdi we hökümete salgylanyp, bu enjamlaryň ýeterlik mukdarda satyn alnandygyny öňe sürdi.

Şeýle-de ol hökümetiň karantin astyndaky adamlary we COVID-19 alamatlaryna meňzeş simptomlary bolan ýaşaýjylary saglyk barlagyndan, synagdan geçirýändigini sözüne goşdy.

Türkmenistanyň şu wagta çenli näçe adamy koronawirus gümany esasynda saglyk barlagyndan geçirendigi belli däl.

Türkmen DIM-niň tassyklamagyna görä, Türkmenistandaky daşary ýurt guramalarynyň wekilleri Aşgabadyň ilatyň saglygyny goramak ugrunda edýän tagallalaryna uly baha berýärler.

BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebitleýin merkeziniň ýolbaşçysy N.German, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Ý.Panowa, ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy N.Drozd dagy “öz çykyşlarynda pandemiýa garşy göreşiň giň ugurlary babatynda türkmen tarapynyň gyzyklanma bildirýän ähli taraplar bilen işjeň hem-de açyk hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna taýýarlygyna we ymtylyşlaryna ýokary baha berdiler” diýip, DIM 19-njy iýundaky habarynda aýtdy.

Emma muňa garamazdan, ýurtdaky ýapyklyk we metbugat azatlygynyň bolmazlygy sebäpli, hünärmenler Türkmenistanyň çap edýän resmi maglumatlaryna ynamsyz garaýarlar.

Şu aralykda, Azatlygyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, Türkmenistanda güman edilýän COVID-19 hassalary üçin täze karantin zolaklary döredilýär, saglyk edaralarynda has beter ýagdaýa düşmekden howatyr edýän adamlar bolsa, medisina kömegini sorap, keselhanalara ýüz tutmakdan gorkýarlar.

Emma muňa garamazdan, häkimiýetler wirusa garşy göreş, ilatyň saglygyny goramak boýunça alyp barýan işleri barada halka açyk maglumat bermeýär.

Resmi Aşgabat başda, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň hökümet mejlisinde beren maslahatlaryna daýanyp, dünýädäki howply ýokanç kesellerden ata-baba däpleri, burçly unaş içmek, ýüzärlik tütetmek, sazak püri we küli bilen goranmak wagzyny etdi, koronawirus sözüniň ulanylmagyna hem çäklendirme girizdi.

Emma türkmen prezidenti we TW-si soňky wagtlarda ýüzärlik wagzyny gowşadana meňzeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG