Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG Wengriýany berkleşdirilen gaçybatalga düzgünlerini ýatyrmaga çagyrýar


Wengriýanyň serhedinde garaşýan migrant çaga. Arhiwden alnan surat

Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlar edarasy (UNHCR) premýer-ministr Wiktor Orbanyň hökümetini käbir düzgünleriň halkara kanunlaryny bozup biljekdigini aýdyp, Wengriýanyň gaçybatalga sistemasynyň ýakynda berkleşdirilen düzgünlerini ýatyrmaga çagyrdy.

Wengriýanyň hökümetiniň metbugat wekili bu barada dessine kommentariý bermekden saklandy.

Geçen aý Wengriýa öz serhetlerinde “migrant tranzit zonalary” diýilýän sebitleri ýapdy we 300 çemesi bosguny türmä meňzeş şertlerden azat etdi. Şol bir wagtyň özünde, Wengriýa öz düzgünlerini berkidip, geljekde gaçybatalga sorajaklaryň ýagdaýyny kynlaşdyrdy.

Täze düzgünlere laýyklykda, gaçybatalga soraýanlardan öz arzalaryny Wengriýanyň serhetlerinde däl-de, goňşy ýurtlardaky konsulhanalarda doldurmak we tabşyrmak talap edilýär.

“Bu gaçybatalga gözleýänleriň mejbury yzyna dolanmagyna we ýowuz garalmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolmagyna getirip biler. Bu Wengriýanyň agza bolan 1951-nji ýyldaky Bosgunlar konwensiýasynyň we beýleki halkara hem-de sebitleýin adam hukuklary resminamalarynyň bozulýandygyny aňladýar” diýip, BMG-niň Bosgunlar edarasynyň 29-njy iýunda ýaýradan beýanatynda aýdyldy.

Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän toparlar täze berkleşdirilen düzgünleriň bosgunlaryň Wengriýanyň üsti bilen Ýewropa Bileleşiginden gaçybatalga almagyny hasam kynlaşdyrjakdygyna eýýäm alada bildirdiler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG