Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW Gyrgyzystanyň prezidentini jedelli kanun taslamasyna weto goýmaga çagyrýar


29-njy iýunda 500 çemesi demonstrant kanun taslamasyny protest edip, gyrgyz paýtagty Bişkekde ýöriş geçirdi.
29-njy iýunda 500 çemesi demonstrant kanun taslamasyny protest edip, gyrgyz paýtagty Bişkekde ýöriş geçirdi.

Human Rights Watch (HRW) guramasy Gyrgyzystanyň prezidenti Sooronbaý Jeenbekowy “ýurduň adam hukuklary borçlaryny bozýan”, parlament tarapyndan ýakynda tassyklanan kanunlara weto goýmaga we “esasy hukuklary goramaga” çagyrdy.

HRW guramasy özüniň 30-njy iýunda ýaýradan beýanatynda geçen hepde gyrgyz kanunçykaryjylarynyň häkimiýetlere kazyýet gözegçiligi bolmazdan, resmiler tarapyndan “ýalan” ýa-da “nädogry” hasaplanýan maglumatlaryň Internetden aýrylmagyny buýurmaga rugsat berýän “aýdyň bolmadyk we çendenaşa” kanun taslamasyny kabul edendigini aýtdy.

Jeenbekow tarapyndan gol goýlandan soň güýje girjek kanun taslamasyna laýyklykda, ýalňyş hasaplanýan sosial media hasaplarynyň ýapylmagy üçin häkimiýetlerden suduň goldawy talap edilmez.

Gyrgyzystanyň parlamenti ýurduň Jenaýat prosessual kodeksinden gyrgyz sudlaryna halkara adam hukuklary guramasynyň bozulan jenaýat işlerine täzeden garamagy talap edýän düzgüni hem ýatyrdy.

HRW guramasynyň beýanaty 500 çemesi demonstrantyň kanun taslamasyny protest edip, gyrgyz paýtagty Bişkekde ýöriş geçirmeginden bir gün soňa gabat geldi. Geçen hepdäniň başynda ýerli we halkara guramalarynyň birnäçesi Jeenbekowy kanun taslamasyny ret etmäge çagyrdy.

XS
SM
MD
LG