Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-da koronawirus näsaglarynyň täze sany saglyk düzgünleriniň gaýtadan girizilmegine getirdi


29-njy iýunda ABŞ-nyň birnäçe ştaty ýaşaýjylara maskalary geýmegi islege bagly edýän öňki düzgünlerini bütinleý üýtgedip, köpçülikde hökmany maska geýmek düzgünini girizdi.
29-njy iýunda ABŞ-nyň birnäçe ştaty ýaşaýjylara maskalary geýmegi islege bagly edýän öňki düzgünlerini bütinleý üýtgedip, köpçülikde hökmany maska geýmek düzgünini girizdi.

Birleşen Ştatlarda koronawirus bilen keselleýänleriň täze hopukdyryjy sany ýurduň has köp ştatynda restoranlaryň, barlaryň we beýleki kärhanalaryň gaýtadan açylmagyna rugsat berýän buýruklaryň ýatyrylmagyna getirdi.

Bu waka resmileriň aşa köp adamyň maska geýmek we fiziki aralygy saklamak baradaky saglyk düzgünlerini äsgermeýändigini aýdýan mahalyna gabat geldi.

Johns Hopkins uniwersitetiniň 29-njy iýunda beren maglumatyna görä, Birleşen Ştatlarda 24 sagadyň dowamynda koronawirus ýokuşan azyndan 42 müň adam hasaba alyndy.

ABŞ-nyň ýokanç keseller boýunça ýokary derejeli hünärmeni doktor Anthony Fauci koronawirus ýokuşan adamlaryň sany köpelýän ştatlaryň käbirinde kärhanalaryň açylmagyna rugsat bermezden öň, iki hepdäniň dowamynda infeksiýanyň azalmagyna garaşmak baradaky görkezmeleriň äsgerilmeýändigini aýtdy.

29-njy iýunda ABŞ-nyň birnäçe ştaty ýaşaýjylara maskalary geýmegi islege bagly edýän öňki düzgünlerini bütinleý üýtgedip, köpçülikde hökmany maska geýmek düzgünini girizdi.

COVID-19 pandemiýasy dünýäde 10 milliondan gowrak adama ýokuşdy we bu wirusdan 504 müňden gowrak adam öldi diýip, Johns Hopkins uniwersitetiniň maglumatlarynda aýdylýar.

Birleşen Ştatlar bu wirusdan iň köp ejir çeken ýurt bolup, bu ýerde koronawirus 2,6 million adama ýokuşdy we ondan 126 müňden gowrak adam öldi.

XS
SM
MD
LG