Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

COVID-19: Özbek resmileri ozal gowşadylan çäklendirmeleri täzeden girizdiler


Gazak resmileri ýurtda wirusa ýoluganlaryň sanynyň 21 müň 819-a ýetendigini, şeýle-de ondan heläk bolanlaryň sanynyň 188 bolandygyny aýtdylar.
Gazak resmileri ýurtda wirusa ýoluganlaryň sanynyň 21 müň 819-a ýetendigini, şeýle-de ondan heläk bolanlaryň sanynyň 188 bolandygyny aýtdylar.

ABŞ koronawirus pandemiýasynyň ýaýramak gerimini kontrol astyna alyp bilmedi diýip, Birleşen Ştatlaryň ýokanç keseller boýunça ýokary derejeli bilermeni doktor Antony Fauçi duýdurdy. Bu aralykda, 30-njy iýunda ABŞ-da COVID-19 bilen bagly onlarça müň täze ýagdaý ýüze çykaryldy.

Doktor Antony Fauçi ABŞ-nyň Senatynyň komitetiniň öňünde eden çykyşynda “ýagdaýlaryň has hem ýaramazlaşyp biljekdiginden aladalanýandygyny” aýtdy. Fauçi ABŞ-da her gün koronawirus bilen kesellänleriň täze 100 müň ýagdaýy ýüze çykarylyp başlansa, muňa “haýran galmajakdygyny” hem belledi.

Bu aralykda, Ýewropa ýurtlary wirusyň ýaýramak gerimini haýallatmagy başardylar we 1-nji iýuldan syýahatçylyk çäklendirmelerini gowşadyp başladylar.

Şol bir wagtda, Merkezi Aziýanyň iň köp ilatly ýurdy Özbegistan wirusyň ýaýramak geriminiň ýokarlanmagy bilen, ozal gowşadylan käbir çäklendirmeleri täzeden ýola goýdy.

Wirusyň ýaýramak gerimini gowşatmak boýunça iş alyp barýan komissiýa ýurtda koronawirusyň ýüze çykarylan sebitlerinde jemgyýetçilik transportyň gatnawyny çäklendirdi. Şeýle-de, dynç günleri ir sagat 07:00-dan gije sagat 11:00 aralygynda üçden köp adamyň bir ýerde toplanmagyna gadagançylyk girizildi. Özbek resmileri ýurtda 8 müň 298 adamyň wirusa ýolugandygyny we ondan 24 adamyň ölendigini habar berýärler.

Gazagystanyň saglyk ministri Alekseý Tsoý, koronawirus bilen ýagly täze ýagdaýlaryň öňüni almak maksady bilen, ýurt boýunça dört hepdeläp çäklendirmeleri girizmegi teklip etdi. Gazak resmileri ýurtda wirusa ýoluganlaryň sanynyň 21 müň 819-a ýetendigini, şeýle-de ondan heläk bolanlaryň sanynyň 188 bolandygyny aýtdylar.

XS
SM
MD
LG