Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýada konstitusiýa goşmaçalary girizmek boýunça ses berişlik geçýär


Rus prezidenti Wladimir Putin Russiýanyň konstitusiýasyna goşmaçylary girizmek boýunça geçirilýän ser berişlige gatnaşýar.
Rus prezidenti Wladimir Putin Russiýanyň konstitusiýasyna goşmaçylary girizmek boýunça geçirilýän ser berişlige gatnaşýar.

Russiýada adamlar konstitusiýa goşmaçalary girizmek boýunça geçirilýän milli plebisitde ses berýärler. Bu goşmaçalar prezident Wladimir Putine ýene iki gezek prezidentlige dalaş etmäge we 2036-njy ýyla çenli häkimiýetde galmaga mümkinçilik berer.

1-nji iýulda ses berişligiň iň soňky günüdir. Saýlaw uçastoklary 25-nji iýundan açyldy. Ses berişlik koronawirus pandemiýasy döwri adamlaryň uly toplanşyklaryny çäklendirmek maksady bilen beýle uzaga çekildi.

Kreml goşmaçalaryň ýurduň durnuklylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek üçin zerurdygyny aýdýar. Tankytçylar bolsa, munuň 67 ýaşly Putiniň häkimiýetde ömürlik galmagyna ýol açmak üçin edilýändigini aýdýarlar.

Putin 30-njy iýunda telewideniýede eden çykyşynda russiýalylary goşmaçylary oňlamaga çagyrdy.

Putin konstitusiýa goşmaçalary girizmegi ilki ýanwarda teklip edipdi. Gyssagarada döredilen “işçi toparynyň” maslahatyndan bäş gün soň, dokument kanunçykaryjylaryň garamagyna hödürlendi.

10-njy martda dokumente Putiniň 2024-nji we 2030-njy ýyllarda hem prezidentlige dalaş etmegine mümkinçilik berjek kesgitleme goşuldy.

Munuň ertesi güni parlament 200 goşmaçadan ybarat dokumenti kabul etdi.

Putin ses berişligi ilki 22-nji aprelde geçirmegi göz öňünde tutupdy. Emma koronawirus pandemiýasy sebäpli onuň senesini süýşürdi.

XS
SM
MD
LG