Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan bugdaý planyny dolandygyny aýdýar


Prezident G.Berdimuhamedow kombaýnda bugdaý orýar.
Prezident G.Berdimuhamedow kombaýnda bugdaý orýar.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki metbugat 30-njy iýunda ýurduň bugdaý planyny doldurandygyny habar berip, ýurduň gündogar sebitlerinde gopan weýrançylykly apy-tupanyň ekine uly zyýan ýetirendigi aýdylan ýylda oba hojalygyndaky täze özgertmeleriň gowy netije berendigini öňe sürdi.

TDH-nyň maglumatyna görä, ýurtda bu ýyl 1 million 400 müň tonna bugdaý öndürildi.

Emma ýerli hünärmenler galla, pagta planlaryny dolmakda "sowet ýyllarynda adat bolan artdyryp ýazmalaryň şindi hem uly rol oýnaýandygyny, hakykatda diýilýän hasylyň ýaryna golaýynyň kagyz ýüzünde alynýandygyny", şeýle ýagdaýyň un, çörek gytçylygyna alyp gelýändigini gürrüň berdiler.

XS
SM
MD
LG