Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýäniň ýokary kazyýeti Aýasofýanyň hukuk durumyny gözden geçirýär


Aýasofýa metjidi. Stambul. Türkiýe

Türkiýäniň iň ýokary administratiw kazyýeti Stambuldaky Aýasofýany metjide öwrüp-öwürmezlik barada karar berer. Döwlet geňeşi 2-nji iýulda ýa-da 15 günüň dowamynda karar berer diýip, “Anadolu” döwlet habar agentligi habar berdi.

Wizantiýa imperatory Justinian I tarapyndan 532-537-nji ýyllar aralygynda bina edilen Aýasofýa (Mukaddes Paýhas) tas müň ýyl hrisitian dünýäsinde iň uly ybadathana bolupdy.

Osman imperiýasy 1453-nji ýylda Konstantinopoly basyp alandan soň, bu ybadathana metjide öwrüldi. Ol 1934-nji ýylda kabul edilen karar bilen muzeýe öwrüldi we häzirki wagtda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyndadyr.

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan geçen ýyl geçirilen saýlaw kampaniýalarynda onuň metjide öwrülmegine çagyryş etdi.

Türkiýede köpler Aýasofýanyň häzirki hukuk durumyny ýurduň dünýewi konstitusiýasynyň nyşany hökmünde görýärler.

Konstantinopolyň patriarhy, prawoslaw hristiýan kilisesiniň ruhy lideri Bartolomeý I Aýasofýanyň metjide öwrülmegini ret etdi, Birleşen Ştatlary bolsa Türkiýäni ony muzeý hökmünde saklap galmaga çagyrdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG