Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebaply daýhanlar prezidentiň täze goşgusyny ýat tutmaga mejbur edilýär


Illýustrasiýa suraty

Lebap welaýatynyň Kerki we Köýtendag etraplarynda oba hojalyk işgärleri, hususan-da kärendeçi daýhanlar prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze goşgusyny ýat tutmaga mejbur edilýär.

Bu waka döwlet telewideniýesinde ýurduň dürli ýokary okuw jaýlarynda prezidentiň täze "Bugdaý" atly goşgusynyň neşir edilip, halk köpçüligine ýetirilmegi mynasybetli "hoşallyk maslahatlarynyň" geçirilendigi barada habar berlen mahalyna gabat geldi.

"Kerkide we Köýtendagda, şeýle-de bu sebitleriň obalarynda arçynlar hem-de mekdep mugallymlary kärende ýerlerine aýlanyp, prezidentiň goşgusy çap edilen kagyzlary paýlaýarlar. Olar kärendeçi daýhanlara, mehanizatorlara, traktorçylara we beýleki oba hojalyk işgärlerine goşgyny ýat tutmagy tabşyrýarlar. Sebäplerini düşündirmeýärler" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan lebaply habarçy 3-nji iýulda gürrüň berdi.

Habarçy bu talabyň 5 günden bäri dowam edýändigini aýdyp, kagyzlary paýlaýan adamlaryň goşgyny ýat tutmadyk oba hojalyk işgärleriniň traktorlarynyň we kärende ýerleriniň elinden alynjakdygyny duýdurýandygyny hem belledi.

"Adamlaryň köpüsi eýýäm goşgyny ýat tutdy. Sebäbi olar öz kärende ýerleriniň ýa-da oba hojalyk desgalarynyň elinden alynmagyny islemeýärler. Käbir adamlar bolsa, goşgynyň manysynyň ýokdugyny aýdyp, ony ýatlamadylar" diýip, habarçy belledi.

Onuň sözüne görä, şu günler oba we etrap Medeniýet öýlerinde prezidentiň täze goşgusynyň tanyşdyryş çäreleri hem gurnalyp, maslahatlar geçirildi. Bulary geçirmek üçin bolsa, býujet işgärleriniň her birinden 50 manat pul ýygnaldy.

"Bu maslahatlara býujet işgärleri, şol sanda mekdepleriň, çagalar baglarynyň, keselhanalaryň, şeýle-de oba hojalyk pudagynyň işgärleri gatnaşýarlar. Olar goşgynyň çuň manylydygyny aýdyp, her kim onuň 4 setirini okap berýär we manysyny düşündirip, şol barada gürrüň edýärler" diýip, habarçy aýtdy.

Şeýle-de, şu günler bu goşgulary mekdepleriň her bir synpynda ýerleşdirmek üçin-de taýýarlyk görülýär. Habarçy munuň üçin bilim işgärlerine eýýämden tabşyryk berilendigini aýdýar.

"Prezidentiň bu goşgusy mekdepleriň her bir synp otagynda bolmaly edilipdir. Ol daşy ramkaly plakatda ýerleşdirilmeli. Şeýle-de, onuň ini 1 metr 20 santimetr we boýy 2 metr 20 santimetr uzynlygynda bolmaly diýipdirler. Sentýabrda okuwçylar mekdebe gelende, olaryň birinji sapakda şu goşgyny ýat tutmalydygy hem aýdylypdyr" diýip, habarçy lebaply mugallymlaryň ençemesine salgylanyp gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy bu aýdylanlar barada Lebap welaýat we Kerki, Köýtendag etrap häkimliklerinden kommentariý alyp bilmedi. Şeýle-de, bu barada welaýat we etrap bilim bölümlerinden hem maglumat almak başartmady.

Bu waka döwlet telewideniýesinde ýurduň dürli ýokary okuw jaýlarynda prezidentiň täze goşgusynyň neşir edilip, halk köpçüligine ýetirilmegi mynasybetli "hoşallyk maslahatlarynyň" geçirilendigi barada habar berlen mahalyna gabat geldi.

2-nji iýulda görkezilen wideo maglumatlarda şeýle maslahatlaryň Türkmenistanyň telekomunikasiýalar we informatika institutynda, şeýle-de Milli howpsuzlyk, Içeri işler, Goranmak ministrlikleriniň harby institutlarynda geçirilendigi mälim edildi.

"Maslahatlarda prezidentimiziň täze "Bugdaý" atly goşgusy dabaraly ýagdaýda okaldy" diýlip, döwlet telewideniýesiniň maglumatynda aýdyldy.

Türkmenistanda prezidentiň täze goşgusynyň mahabatlandyrylyp, munuň bilen bagly edilýän talaplar, ýurtda 1 million 400 müň tonnadan gowrak galla hasylynyň ýygnalyp alnandygy yglan edilse-de, döwlet dükanlarynda beýleki azyk harytlary bilen bir hatarda, un we çörek gytçylygynyň saklanyp galýan mahalyna gabat geldi.

Adamlar hususyýetçiler bilen deňeşdirilende döwlet dükanlarynda arzan bahadan satylýan bu azyk önümlerini satyn almak üçin daňdan sagat 5-den, käte gijeden nobata durmaga mejbur bolýarlar. Nobatlarda dawa-jenjel hem döreýär.

Ýatlatsak, mundan ozal türkmen prezidentiniň ýazandygy aýdylýan kitaplar mekdepleriň we ýokary okuw jaýlaryň sapaklarynda okadylyp, býujet işgärlerinden, studentlerden hem-de okuwçylardan olardan bölekleri ýat tutmak talap edilipdi. Şeýle-de, bu kitaplar ýurduň döwlet telekanallarynda hem giňden mahabatlandyryldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG