Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gyrgyzystanda bir gije-gündizde 506 sany COVID-19 näsgay ýüze çykaryldy


Bişkekdäki hassahana

Gyrgyzystanda soňky bir günüň dowamynda koronawirus ýokuşmasynyň 506 sanysy ýüze çykaryldy. Bu barada 3-nji iýulda Gyrgyzystanyň Saglyk ministrliginiň jemgyýetçilik saglygy bölüminiň başlygy Aýnura Akmatowa tarapyndan geçirilen brifingde habar berildi.

Bişkekde 230 ýagdaý ýüze çykaryldy, Çuý sebitinde - 151, Oşda - 36, Oş sebitinde - 14, Jelalabatda - 21, Narynda - 9, Talasda - 1, Batkende - 19, Yssykkölde sebitinde – 25 adama wirus ýokuşandygy belli boldy.

Soňky 24 sagadyň dowamynda ozal COVID-19-yň ýokuşandygy tassyklanan 125 näsag, saglyk barlagynda negatiw synag netijelerini alandan soň, keselhanalardan çykaryldy.

Gyrgyzystanda koronawirus ýokuşan näsaglaryň umumy sany 6767-ä ýetdi. Şolardan 2655 adam bejergiden soň keselhanalardan boşadyldy, 76 adam öldi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG