Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Forbes.uz Saida Mirziýoýewany Özbegistanda meşhur blogçylaryň sanawyndan aýyrdy


 Saida Mirziýoýewa
Saida Mirziýoýewa

Forbes.uz Saida Mirziýoýewany Özbegistanda meşhur blogçylaryň sanawyndan çykardy.

“Ozodlik” radiosy bir gün öň bu neşiriň prezident Şawkat Mirziýoýewiň uly gyzyny ýurduň iň meşhur blogçylarynyň hataryna goşandygyny habar berdi.

1-nji iýulda çykan Forbes.uzyň çap eden reýtingi “Top-15” diýlip atlandyrylan hem bolsa, onda Mirziýoýewanyň ady bilen 16 blogçynyň ady görkezildi. Emma muňa garamazdan, bir gün geçensoň, prezidentiň gyzynyň ady bu sanawdan aýryldy we netijede sanawda diňe 15 blogçy galdy.

35 ýaşly Saida Mirziýoýewa häzirki wagtda Media gaznasynyň howandarlyk geňeşiniň başlygynyň orunbasary bolup işleýär. Ondan öň ol Özbegistanyň Prezident administrasiýasynyň ýanyndaky Maglumat we köpçülikleýin aragatnaşyk gullugynyň müdiriniň orunbasary bolup işledi.

XS
SM
MD
LG