Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BSG: COVID-19 keseli boýunça sanlar ýene ýokarlandy


Braziliýanyň Manaus şäherindäki gonamçylyk, 22-nji maý, 2020
Braziliýanyň Manaus şäherindäki gonamçylyk, 22-nji maý, 2020

Bütindünýä saglyk guramasy 4-nji iýulda koronawirus keseliniň gündelik sanynyň ýene-de rekord derejede ýokarlanandygyny aýdyp, soňky 24 sagadyň dowamynda dünýäde kesellänleriň sanynyň jemi 212 326 adam köpelendigini habar berdi.

Tassyklanan ýagdaýlaryň köpüsi ABŞ-da, Braziliýada we Hindistanda bolupdyr.

BSG-niň bir günde koronawirus bilen iň köp hasaba alnan adamlaryň iň ýokary sany 28-nji iýunda bolup, şonda 189 077 derejesine ýetipdi.

Dünýäde günde koronawirusdan ýogalýanlaryň sany 5000 adam töweregi.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary 4-nji iýulda baýramçylygyny has çäkli görnüşde belledi, sebäbi saglyk edaralary ýurduň Günortasynda we Günbatarynda keselleýänleriň sanynyň yzygiderli ýokarlanýandygy barada duýduryş berýärler.

Hasaba alnan sanlar 40 ştatda ýokarlanýar. Florida ştatynda kesellänleriň täze sany 11458 adam derejesinde kesgitlendi.

Dünýäde COVID-19 keseli ýokaşan adamlaryň sany 11.2 milliona ýetdi, ölenleriň sany 530 müň adamdan aşdy.

XS
SM
MD
LG