4-nji iýulda Awstriýanyň paýtagty Wenanyň golaýynda atylyp öldürlen adamyň bu ýurtda gaçybatalga gözleýän öňki çeçen separatisti we çeçen lideri Ramzan Kadyrowyň tankytçysydygy habar berilýär.
Çeşmeler pidanyň Wenadan Anzor ady bilen tanalýan Mamihan Umarowdygyny aýtdy.
Awstriýanyň resmileri bolsa, diňe pidanyň Orsýet Federasiýasyndan gaçybatalga gözleýän 43 ýaşly adamdygyny we Wena şäherindäki Gerasdorf söwda merkeziniň öňündäki awtoulag duralgasynda atylyp öldürilendigini aýtdylar.
Ilkinji maglumatlara görä, gaçybatalga gözleýän adamyň kellesine atylyp, ol tiz kömek ulagy gelmänkä ýogalypdyr. Awstriýanyň häkimiýetleri rus raýatyny atmakda güman edilýän adamyň birnäçe sagatdan soň, polisiýanyň geçiren gözleg işleriniň netijesinde paýtagtdan 200 kilometr günbatarda Linzde şäherinde tussag edilendigini mälim etdiler.
Polisiýa bu wakany derňeýär we sebäbini anyklamaga synanyşýar.
Orsýetiň Wenadaky ilçihanasynyň metbugat sekretary bu wakalar bilen baglanyşykly özlerine ýüz tutulmandygyny TASS döwlet habar gullugyna aýdypdyr.
«Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisi goňşy Garagalpagystan awtonom respublikasynda bolan tolgunyşyklaryň yz ýanyna gabat geldi.» Meniň tankyda bolmaýan dostlarym! Bir zada düşüniň. Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşi her aýyň başynda geçirilýär. Bu gezek bolsa, alty aýyň jemine bagyşlanylyp geçildi. Bärde siziň öz ýanyňyzdan oýlap tapýan «Garagalpagystan awtonom respublikasynda bolan tolgunyşyklaryň yz ýanyna gabat geldi.» diýýän zadyňyz tasa gelenok. Ondan, beýle köpbilmiş bolsaňyz, ne sebäpden ýokary derejeli iki howpsuzlyk resmisine käýinç yglan edilenini aýdyň. Bize şol gyzykly. TDH-nyň materialyny eýläk-beýläk sözlerini üýtgedip, copy paste edeniňiz gyzykly däl,
TM-da in gimmat mal bazar Ashabat, 20 kg goyun 1,200 m shu gunki baha, welayatlarda arzan bolyar. Balkandaki habarjini kэyinj berin, nэdogri maglumat