Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek, täjik migrant işçileri Günorta Gazagystanda galýarlar


Täjigistanyň we Özbegistanyň müňlerçe raýaty gazak-özbek serhedinde gabalyp galdylar, Türkestan regiony, Gazagystanyň Saryagaş etraby, 3-nji iýul, 2020

Täjigistanyň we Özbegistanyň 2000-e golaý raýaty Gazagystanyň günortasyndaky Türküstan regionynda galýarlar. Olar koronawirus pandemiýasyna garşy göreş boýunça girizilen çäklendirmeler sebäpli öýlerine gaýdyp bilmeýärler.

“Žibek žoly” (Ýüpek ýoly) barlag nokadynda galanlaryň köpüsi çäklendiriji çäreleri zerarly Gazagystanda işini ýitiren işçi migrantlardyr.

Olaryň käbiri Özbegistanyň bir hepdeden gowrak wagt bäri serhet geçelgesini açmagyna garaşýandyklaryny Azatlyk Radiosyna aýtdylar we açyk meýdanda galmalydyklaryny, gündizlerine howanyň yssydygyny, gijelerine bolsa sowukdygyny gürrüň berdiler.

Täjigistanyň Gazagystandaky ilçihanasynyň täjik raýatlaryny ýerleşdirmek üçin bu ýerde gurlan dört sany uly çadyryň golaýynda duran wekili bu mesele barada maglumat bermekden saklandy.

Bu ýerde Özbegistan ilçihanasynyň işgäri Bahtiýor Kamalow hem bardy. Ol häkimiýetleriň serhedi açmaýandygyny, sebäbi Özbegistana Gazagystandan giren köp adamyň ýurduň içinde karantinde galandygyny aýtdy. Kamalow serhetde galan 1500 töweregi özbek raýatynyň ýakyn wagtda Özbegistana geçiriljekdigini sözüniň üstüne goşdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG