Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Halk maslahaty 25-nji sentýabrda Aşgabatda geçer


Gurbanguly Berdimuhamedowy Halk maslahatynyň baştutany edip bellemek dabarasy, Aşgabat, 1-nji aprel, 2007
Gurbanguly Berdimuhamedowy Halk maslahatynyň baştutany edip bellemek dabarasy, Aşgabat, 1-nji aprel, 2007

Türkmenistan Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisini 25-nji sentýabrda Aşgabatda geçiriler.

Türkmen döwlet mediasyna görä, prezidentiň 3-nji iýulda çykan karary bilen Ruhyýet köşgünde Halk maslahatyny ýokary derejede geçirmek üçin guramaçy komitetini döretmek we Aşgabatdan hem welaýatlardan gatnaşjak jemgyýetçilik wekilleriniň saýlawlaryny guramaçylykly ýerine ýetirmek tabşyrylypdyr.

Prezidentiň kararyny ýerine ýetirmek işine gözegçilik etmek Mejlisiň başlygyna, hökümet baştutanynyň orunbasarlaryna, prezidentiň we premýer-ministriň apparatlarynyň işlerini dolandyryjysyna we Halk maslahatynyň baş edarasynyň we welaýatlaryň işlerini dolandyrýanlara buýruldy.

Resmi maglumatlarda Halk maslahatynyň şu ýylky mejlisinde gozgaljak meseleler agzalmady.

2008-nji ýylda ýatyrylan we 2017-nji ýylyň oktýabrynda gaýtadan dikeldilen kanun çykaryjy organyň 2018-nji ýylda geçirilen birinji maslahatynda ýurt halkyna 25 ýyllap berlen sosial ýeňillikler ýatyryldy. 2019-nji ýylyň maslahatynda Mejlisiň birleşdirilip, iki palataly parlamente, wekilçilikli we kanun çykaryjy gurama öwrülmek, Konstitusiýa ýene-de düzediş we goşmaça girizilmek öňe sürüldi.

Şu ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda Konstitusion Kanunynyň taslamasy döwlet metbugatynda çap edildi. Kanunyň gutarnykly görnüşiniň Halk maslahatynyň mejlisinde garalmagyna garaşylýar.

XS
SM
MD
LG