Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Baş Kanuna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasy çap edildi


Illýustrasiýa suraty.

Duşenbe güni Türkmenistanyň döwlet metbugaty ýurduň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň taslamasyny çap etdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibi esasynda ýurduň kanun çykaryjy ulgamyny iki palataly görnüşe geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu teklip Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2019-njy ýylyň sentýabrynda geçirilen mejlisinde öňe sürüldi.

Täze kanun taslamasyna laýyklykda täze parlament “Milli Geňeş” atlandyrylýar hem-de ol iki palatadan ‒ Halk Maslahatyndan we Mejlisden ybaratdyr.

Halk Maslahatynyň agzalygyna her welaýatdan we welaýat hukukly şäherden sekiz wekil saýlanýar, şeýle-de sekiz agza prezident tarapyndan bellenilýär. Jemi 56 agzalyk Halk Maslahatynyň düzümine 30 ýaşy dolan, ýokary bilimli we soňky onýyllykda Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýaty saýlanyp ýa-da bellenip bilner. Prezident öz bellän adamlarynyň ygtyýarlyklaryny möhletinden öň ýatyrmaga hukuklydyr. Şeýle-de, ýurduň eks-prezidenti gönüden-göni Halk Maslahatynyň agzasy bolup bilýär, şol bir wagtyň özünde öz islegi bilen agzalykdan el çekip bilýär.

Täze kanun taslamasyna görä, prezident haýsydyr bir sebäbe görä öz borçlaryny ýerine ýetirip bilmese, täze prezident saýlanylýança onuň ygtyýarlyklary Halk Maslahatynyň başlygyna geçýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna görä, beýleki talaplar bilen bir hatarda diňe ýaşy kyrkdan pes bolmadyk Türkmenistanyň raýaty prezidentlige saýlanyp bilinýär.

Synçylar Türkmenistanda göz öňünde tutulýan konstitusion özgertmelere prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly Serdar Berdimuhamedowy häkimiýet başyna getirmek tagallalary hökmünde baha berýärler.

Serdar Berdimuhamedow öňümizdäki ýylyň 22-nji sentýabrynda 40 ýaşyny doldurýar. Täze kanun taslamasy öňümizdäki 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girýär.

125 deputatdan ybarat Mejlise deputatlyga 25 ýaşy dolan we soňky on ýyl bäri Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan raýat saýlanyp bilner. Deputatlyga dalaşgärlerden ýokary bilim talap edilmeýär.

Türkmenistanyň Milli Geňeşi jemi 181 adamdan ybarat bolar. Olaryň ygtyýarlyk möhleti bäş ýyldyr.

Şeýle-de, täze üýtgetmelere görä, Türkmenistanyň prezidenti Halk Maslahatynyň agzasy ýa-da Mejlisiň deputaty bolup bilmez. Häzirki wagtda güýjüni saklaýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy prezident Berdimuhamedowyň özüdir. Ýöne üýtgedip guruljak täze Halk Maslahatynyň başlygy onuň agzalarynyň gizlin sesleri bilen saýlanar.

Täze goşmaçalara görä, Halk Maslahatynyň we Mejlisiň maslahatlary aýratynlykda jemgyýetçilige açyk görnüşde, ýöne zerur bolan halatynda ýapyk görnüşde geçirilýär. Ýokarky we aşaky palatalaryň wekilleri prezidentiň ýa-da beýleki döwlet baştutanlarynyň ýüzlenmelerini diňlemek üçin we beýleki meselelere garamak üçin bilelikde maslahat geçirip bilýär. Ýöne taslamada agzalýan “beýleki meseleler” aýdyňlaşdyrylmaýar.

Halk Maslahaty Mejlisiň kabul edýän kanunlaryny makullaýar ýa-da ret edýär; döwlet býujetiniň meseleleri boýunça kanuna garaýar; prezidenti döwlet sylaglary bilen sylaglaýar; döwlet serhedini üýtgetmek meselesini çözýär; parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerine garaýar.

Mejlis kanun çykarýar; döwlet býujetini kabul edýär; ýurduň içeri we daşary syýasatyna degişli meselelere garaýar; ýurdy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna garaýar; saýlawlary belleýär; halkara şertnamalara garaýar; ýurduň dolandyryş-çäk bölünişigini üýtgetmek meselesine seredýär; Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili saýlaýar.

Täze üýtgetmelere we goşmaçalara görä, Türkmenistanyň häzirki Mejlisiniň ählihalk sala salşyklaryny geçirmek hakyndaky meseleler boýunça, şeýle-de prezidentiň teklibi bilen Ýokary kazyýetiň başlygyny, baş prokurory, içeri işleri we adalat ministrlerini wezipä bellemek ýaly, “kagyz ýüzündäki” ygtyýarlyklary täze parlamentiň ýokarky palatasyna – Halk Maslahatyna geçýär.

24-nji fewralda anonim şertlerde Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan bir ýerli synçy täze konstitusion reformalaryň käbir Günbatar ýurtlaryň täsiri bilen durmuşa geçirilýändigini öňe sürdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG