Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ABŞ-nyň resmileri hassahanalaryň koronawirus sebäpli aşa doljagyny duýdurýarlar


illýustrasiýa suraty

ABŞ-nyň koronawirus keseliniň episentrlerinde resmiler keselçiligiň ýaýramagy sebäpli hassahanalaryň aşa doljagyny duýdurýarlar.

Häzir Nýu-Ýorkda keselçiligiň derejesi peselensoň, koronawirus ABŞ-nyň günorta we günbatar böleklerinde güýçli ýaýraýar.

Tutuş ýurt boýunça kesellänleriň sany 3 milliona ýetip, wirus sebäpli 130,000 adamyň ölmegi bilen baglylykda, prezident Donald Trump bu ýagdaýa köp ştatlaryň çäklendirmeleri ir ýatyrmagynyň we saglyk talaplaryny berjaý etmezliginiň sebäp bolandygyny aýtdy.

Kesellänleriň köpelmegi ştatlaryň birnäçesini, şol sanda Kaliforniýa, Tehas we Florida ştatlaryny ykdysadyýeti dikeltmek maksady bilen çäklendirmeleri aradan aýyrmak boýunça edip başlan hereketlerini haýallatmaga mejbur etdi.

Florida ştaty täze hasaba alnan ýagdaýlar boýunç öňde barýar, 5-nji iýulda 11 400-den gowrak adam hasba alyndy we ştatyň COVID-19 keseli bilen kesellänleriň umumy sanyny 200 000-den aşyrdy.

XS
SM
MD
LG