Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň sudy žurnalist Swetlana Prokofýewanyň gapma-garşy işi boýunça karar çykarýar


Žurnalist Swetlana Prokofýewa, Pskow
Žurnalist Swetlana Prokofýewa, Pskow

Orsýetiň sudnyň 6-njy iýulda žurnalist Swetlana Prokofýewany goldaýanlarda we adam hukuklaryny goraýjylardan gahar döreden kararyny yglan etmegine garaşylýar.

Pskow şäheriniň prokurorlary žurnalistiň öz teswirinde adamyň öz janyna kast etmegi bilen hadysany ýurtdaky syýasy ýagdaý bilen baglanyşdyrandygy sebäpli ony "terrorçylygy aklandygy" üçin alty ýyl türme tussaglygynyň berilmegini isleýärler. Şeýle-de, prokurorlar Prokofýewany dört ýyllap žurnalistika işi bilen meşgullanmagyny gadagan etmegi soraýarlar.

Prokofýewa ýöňkelýän aýyplamalar boýunça iň ýokary jeza ýedi ýyla çenli azatlykdan mahrum edilmekden ybarat.

Azatlyk Radiosynyň Rus gullugynyň ştatdan daşary habarçysy Swetlana Prokofýewa, sudda özüniň bigünädigini aýtdy we bu özüne garşy gozgalan işi Orsýetde "söz azatlygyny öldürmek" synanyşygy hökmünde häsiýetlendirdi.

Prokopiýewa, 2018-nji ýylyň noýabr aýynda Eho Moskwi radiosynyň Pskow bölümi tarapyndan çap edilen teswirleri bilen baglanyşykly aýyplama bildirildi. Rus habar beriş serişdeleri 2018-nji ýylda Arhangelskde partlamada ölen ýetginjegiň, sosial mediada FSB-niň jenaýat işlerine garşy aýyplama bildirendigini habar beripdi. Şonda Prokopýewa öz teswirinde ýetginjegiň sözlerini prezident Wladimir Putiniň döwründäki syýasy ýagdaý bilen baglanyşdyrdy. Ol ýurtdaky syýasy aktiwligiň gaty çäklendirilendigini we adamlary umytsyzlyga alyp barýandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG