Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Orsýet sudy 'terrorçylygy aklamak' günäsi bildirlen žurnaliste 500 müň rubl jerime saldy


Swetlana Prokofyewa

Pskow şäherinde ikinji günbatar etrap harby sudy "terrorçylygy aklamak" aýyplamasy esasynda geçirlen diňlenişikde žurnalist Swetlana Prokofiýewa 500 000 rubl möçberinde jerime saldy. Prokuratura Prokopiýewany alty ýyl azatlykdan mahrum etmegi we onuň žurnalist bolup işlemeginiň dört ýyllap gadagan edilmegini sorapdy.

Azatlyk Radiosynyň Rus gullugynyň ştatdan daşary habarçysy Swetlana Prokofýewa, sudda özüniň bigünädigini aýtdy we bu özüne garşy gozgalan işi Orsýetde "söz azatlygyny öldürmek" synanyşygy hökmünde häsiýetlendirdi.

Prokopiýewa 2018-nji ýylyň noýabr aýynda Eho Moskwi radiosynyň Pskow bölümi tarapyndan çap edilen teswirleri bilen baglanyşykly aýyplamalara duçar boldy.

Orsýetiň habar beriş serişdeleri 2018-nji ýylda Arhangelskde bolan partlamada ölen ýetginjegiň, öň sosial mediada FSB-niň jenaýat işlerine garşy aýyplama bildirendigini habar beripdi. Şonda Prokopýewa öz teswirinde ýetginjegiň sözlerini prezident Wladimir Putiniň döwründäki syýasy ýagdaý bilen baglanyşdyrdy. Ol ýurtdaky syýasy aktiwligiň gaty çäklendirilendigini we adamlary umytsyzlyga alyp barýandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG