Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gani zorluklaryň köpelmeginiň parahatçylyk prosesine "çynlakaý" howp salýandygyny duýdurdy


Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani

Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani ýurtda söweşijileriň zorlugynyň köpelmeginiň “Talyban” bilen parahatçylyk prosesine “çynlakaý” howp salýandygyny duýdurdy.

Gani bu barada 6-njy iýulda söweşiji topar bilen garaşylýan gepleşikler hakda halkara jemgyýetçiligine maglumat bermäge gönükdirilen onlaýn konferensiýada eden çykyşynda aýtdy.

Şeýle-de, owgan prezidenti parahatçylyk gepleşiklerine taýynlyk görülýändigine garamazdan, häzirki zorlugyň derejesiniň geçen ýyl bilen deňeşdirilende has ýokarydygyny hem belledi.

“Eger “Talyban” söweşini dowam etdirse, owgan parahatçylyk prosesi çynlakaý kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolar” diýip, Gani aýtdy.

Owgan häkimiýetleri we “Talyban” Owganystanda iki onýyllyga golaý wagt bäri dowam edýän urşy bes etmegi maksat edinýän göni gepleşiklere gatnaşmaga taýýarlanýar.

Ýöne resmiler “Talybany” maý aýynyň ahyrynda ok atyşygy bes etmek baradaky üç günlük ylalaşyk tamamlanandan soň, soňky hepdelerde ýüzlerçe howpsuzlyk işgärini we parahat ilaty öldürmekde aýyplady.

“Talyban” köp hüjümiň jogapkärçiligini ret etdi, ýöne oba ýerlerinde owgan howpsuzlyk güýçlerini nyşana alandygyny boýun aldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG