Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

FBI başlygy Hytaýyň ABŞ-a ‘uly howp abandyrýandygyny’ aýdýar


ABŞ-nyň Derňewler boýunça Federal Býurosynyň (FBI) direktory Kristofer Wraý (Christopher Wray)

ABŞ-nyň Derňewler boýunça Federal Býurosynyň (FBI) direktory Kristofer Wraýyň (Christopher Wray) sözlerine görä, Hytaý içalyçylyk we ogurlyk hereketleri bilen Birleşen Ştatlara ‘uzak möhlet aralygynda uly howp’ abandyrýar.

“Hytaý tarapyndan amal edilýän kontrazwedka we ykdysady içalyçylyk wehimleri uzak möhlet aralygynda biziň milletimiziň maglumat we intellektual eýeçiligine, şeýle-de ykdysady ukyplylygyna uly howp abandyrýar” diýip, Wraý 7-nji iýulda Waşingtondaky Hudson Instituty analitik merkezinde çykyş etdi.

“Bu biziň ykdysady howpsuzlygymyza, has giň alanyňda, milletimiziň howpsuzlygyna howp abandyrýar” diýip, Wraý sözüne goşdy.

Wraýyň bu çykyşy Waşington bilen Pekiniň arasyndaky dartgynlylyklaryň ýitileşen döwrüne gabat geldi. Prezident Donald Tramp Hytaýy koronawirus pandemiýasynyň öňüni almazlykda tankytlady.

XS
SM
MD
LG