Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britaniýa koronawirusyň döreden oňaýsyz ykdysady täsirlerini aradan aýyrmaga ýardam etjek çykdajylary planlaşdyrýar


Britaniýada koronawirusdan 44 müň töweregi adam öldi. Bu Ýewropa ýurtlarynyň arasyndaky iň uly görkezijidir.
Britaniýada koronawirusdan 44 müň töweregi adam öldi. Bu Ýewropa ýurtlarynyň arasyndaky iň uly görkezijidir.

Britaniýanyň koronawirus pandemiýasynyň döreden oňaýsyz ykdysady täsirlerini aradan aýyrmaga ýardam etjek, şol sanda infrastruktura sermaýalaryny hem göz öňünde tutýan kiçi-býujeti yglan etmegine garaşylýar.

Munuň çägindäki çykdajylar mekdeplere, elýeterli jaýlara, köçeleriň abatlanmagyna we jemgyýetçilik transportyna gönükdiriler.

Britaniýada koronawirusdan 44 müň töweregi adam öldi. Bu Ýewropa ýurtlarynyň arasyndaky iň uly görkezijidir.

ABŞ-da bir gije-gündiziň dowamynda koronawirus bilen kesellän adamlaryň täze rekordy hasaba alyndy. Soňky 24 sagadyň dowamynda Birleşen Ştatlarda wirus bilen bagly täze 60 müň 209 ýagdaý ýüze çykarylyp, umumy kesellänleriň sany 3 milliondan geçdi.

Jons Hopkins Uniwersitetiniň maglumatyna görä, ABŞ-da wirusdan ölenleriň umumy sany 131 müň 362-ä deň bolup, 7-nji iýulda wirus sebäpli 1 müň 114 adam ölüpdir.

Braziliýa wirusa ýoluganlaryň sany boýunça, ABŞ-dan soň dünýäde ikinji orunda dur. Bu Latin Amerika döwletinde wirusdan 1,6 million adam öldi we oňa 66 müň adam ýolugdy. Brazil prezidenti Jair Bolsonaro hem wirus bilen keselledi.

XS
SM
MD
LG