Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa ozalky žurnalisti harby syrlary NATO döwletine bermekde aýyplaýar


Iwan Safronow 7-nji iýulda Moskwadaky jaýynda Federal Howpsuzlyk Gullugy, ýagny FSB tarapyndan tussag edildi we suda eltildi.

Russiýada ozalky bir žurnalist, hamala, harby syrlary NATO agza döwletine gowşurandygy üçin, ýokary derejeli dönüklik aýyplamalary esasynda tussag edildi. Käbir synçylar muny ýurtdaky azat metbugata edilýän hüjüm hökmünde häsiýetlendirdiler.

Iwan Safronow 7-nji iýulda Moskwadaky jaýynda Federal Howpsuzlyk Gullugy, ýagny FSB tarapyndan tussag edildi we suda eltildi. Safronow özüniň bigünädigini aýtdy.

Safronow maý aýyndan bäri Russiýanyň döwlet kosmos agentligi Roskosmosyň başlygynyň kömekçisi bolup işleýärdi.

Sud Safronowy 6-njy sentýabra çenli tussaglykda saklamak barada höküm çykardy.

Safronowyň aklawçysynyň maglumatyna görä, prokurorlar onuň müşderisine 2017-nji ýylda Çehiýa Respublikasyna Russiýanyň Ýakyn Gündogardaky we Afrikadaky ýarag ylalaşyklary baradaky maglumatlary bermekde aýyplama bildirýärler. Şol döwür, Safronow žurnalist bolup işleýärdi.

Russiýa bu maglumatlaryň soňy bilen ABŞ-a gowşandygyny öňe sürýär diýip, aklawçy belledi.

Eger-de Safronow günäli tapylsa, oňa 20 ýyla çenli türme tussaglygynyň berilmegi mümkin.

Safronowyň tussag edilmegi Russiýada kanun goraýjy edaralarynyň žurnalistlere we derňewçilere garşy alyp barýan soňky çäreleriniň biridir.

Safronowyň tussag edilmegi onuň ozalky kärdeşleriniň arasynda gahar-gazap döretdi, şeýle-de FSB-niň Moskwadaky baş edarasynyň öňünde protestleriň geçirilmegine alyp geldi.

XS
SM
MD
LG