Eýran parlamentiniň Energiýa komissiýasynyň başlygy Fereýdun Abbasi türkmen-eýran gaz dawasy boýunça Halkara Arbitraž sudunyň çykaran kararynyň “aýratyn ähmiýetiniň ýokdugyny” aýdýar. Bu barada Eýranyň IRNA habar agentligi habar berýär.
Iki ýurduň arasyndaky gaz dawasy bilen bagly Halkara Arbitraž sudunyň Türkmenistanyň peýdasyna çykaran kararyna reaksiýa bildiren Abbasi “Türkmenistana jerime tölemegiň Eýrana agyr zyýan ýetirmejekdigini” aýtdy.
Kanun çykaryjy bank ulgamynda Eýrana garşy girizilen sanksiýalaryň Eýranyň Türkmenistandan satyn alan gazynyň tölegini nagt görnüşinde geçirmäge päsgelçilik döredendigini öňe sürdi.
Abbasi şweýsar sudunyň kararyna görä, Eýranyň Türkmenistana gaz töleglerini gijikdirmeginiň onuň jerime bilen jezalandyrylmagyna alyp gelendigini aýtdy.
1997-2017-nji ýyllar aralygynda Türkmenistan Eýrana gaz eksport etdi. Ýöne taraplaryň arasyndaky oňşuksyzlykdan soň, Türkmenistan Eýrana iberýän gazyny 2017-nji ýylyň ýanwarynda kesdi we munuň yz ýany Eýrany iki ýurduň arasyndaky gaz dawasy bilen bagly Halkara Arbitraž suduna şikaýat etdi.
24-nji iýunda Halkara kazyýet bu iş bilen bagly Eýrany Türkmenistana 2 milliard dollar möçberinde töleg tölemäge höküm etdi.
Eýranly kanun çykaryjy bu kararyň Eýrana onçakly zyýan ýetirmejekdigini aýtdy:
“Bu, hamala, biz Türkmenistandan pes göterimli karz alan ýaly boldy” diýip, hökümet eýeçiligindäki IRNA habar agentligi Abbasiniň sözlerine salgylandy.
«Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisi goňşy Garagalpagystan awtonom respublikasynda bolan tolgunyşyklaryň yz ýanyna gabat geldi.» Meniň tankyda bolmaýan dostlarym! Bir zada düşüniň. Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşi her aýyň başynda geçirilýär. Bu gezek bolsa, alty aýyň jemine bagyşlanylyp geçildi. Bärde siziň öz ýanyňyzdan oýlap tapýan «Garagalpagystan awtonom respublikasynda bolan tolgunyşyklaryň yz ýanyna gabat geldi.» diýýän zadyňyz tasa gelenok. Ondan, beýle köpbilmiş bolsaňyz, ne sebäpden ýokary derejeli iki howpsuzlyk resmisine käýinç yglan edilenini aýdyň. Bize şol gyzykly. TDH-nyň materialyny eýläk-beýläk sözlerini üýtgedip, copy paste edeniňiz gyzykly däl,
TM-da in gimmat mal bazar Ashabat, 20 kg goyun 1,200 m shu gunki baha, welayatlarda arzan bolyar. Balkandaki habarjini kэyinj berin, nэdogri maglumat