Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus polisiýasy garşylyk toparynyň utgaşdyryjylarynyň we garaşsyz kanun çykaryjylaryň öýlerinde reýd geçirýär


"Ýok" kampaniýasynyň utgaşdyryjysy Tatýana Usmanowa

Rus polisiýasy “Açyk Russiýa” garşylyk toparynyň utgaşdyryjylarynyň, “MBH Media” onlaýn neşiriniň baş redaktorynyň hem-de şäher häkimligine garaşsyz dalaşgärleriň öýlerini barlady.

“Açyk Russiýa” toparynyň utgaşdyryjysy Tatýana Usmanowa Moskwanyň polisiýasynyň öz öýüni hem-de şäher kanun çykaryjysy Ýuliýa Galýaminanyň we ýene bir garaşsyz kanun çykaryjy Konstantin Ýanauskasyň aýaly Olga Goreligiň öýlerini barlaýandygyny 9-njy iýulda Twitterde mälim etdi.

“Gapyny döwjek bolýarlar. Olar aklawçylara garaşmak islemeýärler” diýip, Usmanowa Telegramda ýazan postunda aýtdy.

Galýamina Twitterde özüniň öýde däldigini we saglyk ýagdaýy bolan oglunyň ýeke garaşýan rezidensiýasyna aklawçysynyň hem baryp bilmeýändigini ýazdy.

“MBH Media” neşiri Moskwada polisiýanyň neşiriň baş redaktory Sergeý Prostakowyň hem öýüne barandygyny habar berdi. Habara görä, barlag wagtynda Prostakowyň aklawçysyna öz müşderisiniň öýüne girmäge rugsat berilmedi.

Sibiriň Tomsk şäherinde polisiýa “Açyk Russiýanyň” regiondaky aklawçysy Alekseý Prýanişnikowyň öýüni barlady diýip, onuň aýaly Nadežda “MBH Media” neşirine gürrüň berdi.

“Açyk Russiýanyň” wekilleri “Mediazona” onlaýn habar neşirine beren gürrüňlerinde özleriniň kärdeşleri Andreý Piwowarow we Alina Danilina bilen aragatnaşyga geçip bilmeýändiklerini aýtdylar.

Resmiler geçirilýän barlaglaryň sebäpleri barada kommentariýa bermeýärler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG