Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ uýgur hukuklaryny bozandyklary üçin hytaý emeldarlaryna garşy sanksiýa girizýär


Waşington. Maliýe ministrliginiň binasy.

Birleşen Ştatlar ozalky we häzirki hytaý emeldarlarynyň dördüsine garşy, Waşingtonyň pikirine görä, uýgurlaryň hukuklaryny bozandyklary üçin sanksiýa girizdi. Bu çäklendirmeler Magnitskiý aktyna laýyklykda girizilýär. Bu barada ABŞ-nyň Maliýe ministrligi habar berdi.

Sanksiýalar bu şahsyýetleriň ABŞ-nyň çägindäki emläklerini doňdurmagy, işewür gatnaşyklaryny gadagan etmegi we wiza çäklendirmelerini öz içine alýar.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp şu ýylyň iýun aýynda Hytaýyň Sinjiaň uýgur awtonom sebitinde uýgurlaryň we beýleki musulmanlaryň ýanalýandygy üçin sanksiýa girizmek hakyndaky kanuna gol çekdi. Adam hukuklarynyň basgylanmagynyň arasynda, Waşington uýgurlaryň ýörite lagerlere ýerleşdirilendigini, olaryň bu ýerlerde, ahyr netijede milli kimliklerini ýitirmekleri üçin, ideologiýa taýdan gaýtadan terbiýelenýändigini we agyr zähmete sezewar edilýändiklerini aýtdy.

Hytaý häkimiýetleri uýgurlara we beýleki musulman azlyklaryna garşy görýän çärelerini terrorçylyga garşy göreş we hünär, okuw merkezlerini döretmek zerurlygy bilen delillendirýär.

Bu merkezlere ýerleşdirilen adamlar daşy baglanan territoriýadan çykmagyň gadagan edilendigini we daşarky dünýä bilen aragatnaşygyň çäklidigini aýdýarlar.

Merkezdäki tussaglaryň dini dessurlaryny berjaý etmäge hukugy ýok we olar hytaý dilini öwrenmeli. Ynsan hukuklaryny goraýjylaryň pikiriçe, soňky ýyllarda bir milliondan gowrak hytaýly musulman bu hili lagerlerden geçirildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG