Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Habarowskiniň gazaba münen ýaşaýjylary tussag edilen gubernatory goldap, proteste çykdy


Habarowsk. Protestçiler

Orsýetiň Uzak Gündogaryndaky Habarowsk şäherinde on müňlerçe adam öz regionlarynyň gubernatorynyň adam öldürmekde aýyplanyp, iki aýlyk tussag edilmegine garşy bolup, köçelere çykdy.

Sergeý Furgalyň goldawçylary 11-nji iýulda şäher merkezindäki Lenin meýdançasynda toplanyp, Komsomol meýdançasyna tarap ýöriş etdiler.

Olar “Men Sergeý Furgal!” we “Furgaly azat et!” diýen şygarlary galdyrdylar.

Ýörişe gatnaşanlaryň käbiri “Moskwa, utan!” we, prezident Wladimir Putini nazarda tutup, “Ýok bolsun patyşa” diýip gygyrdy.

Bu hili protest ýörişleri regionyň Amur boýundaky Komsomolsk, Elban, Solneçnyý we beýleki şäherlerinde hem guraldy.

Bu demonstrasiýalar Moskwa sudy 50 ýaşly Furgaly iki aýlap deslapky tussaglykda saklamak barada buýruk bereninden bir gün soň boldy.

Furgal 2004 we 2005-nji ýyllarda birnäçe telekeçini öldürmäge buýruk berendigi we adam öldürmäge synanyşmak aýyplamalary boýunça özüni günäkär hasaplamaýandygyny aýtdy.

Milletçi Liberal Demokratik Partiýanyň (LDPR) agzasy Furgal 9-njy iýulda Derňew komiteti tarapyndan tussag edildi we bu ýagdaý onuň partiýadaşlarynda gahar-gazap döretdi.

LDPR lideri Wladimir Žirinowskiý 9-njy iýulda Döwlet Dumasyna parlamentdäki LDPR fraksiýasynyň Furgalyň tussag edilmegine garşy protest hökmünde "işden çekilmäge taýýardygyny" aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG