Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Bosniýa-Hersegowinada Srebrenisa gyrgynçylygynyň 25 ýyllygy bellenýär


Potokari. Srebrenisa gyrgynçylygynyň 9 pidasy topraga berildi. 11-nji iýul, 2020.


Bosniýa-Hersegowinada Srebrenisa gyrgynçylygynyň 25 ýyllygy, koronawirus aladalary zerarly, esasy ýatlama dabarasyna gatnaşýanlaryň sanynyň azaldylmagy bilen bellenilýär.

1995-nji ýylyň iýulynda gündogar Srebrenisada Bosniýa serb güýçleri tarapyndan 8000-den gowrak bosniýaly musulman erkek we oglan bir ýere toplandy we öldürildi, bu Ýewropada Ikinji jahan urşundan bäri bolup geçen iň agyr köpçülikleýin gyrgyn boldy.

Bu gyrgynçylyk halkara sudlary tarapyndan genosid diýlip atlandyryldy, ýöne serb we bosniýaly serb resmileri bu sözleri kabul etmekden ýüz öwürdiler.

Bu gyrgyn 1992-1995-nji ýyllaryň Bosniýa urşunyň aýagynda bolup, serbleriň bosniýalylara we horwatiýalylara garşy durmagy 100,000 töweregi adamyň ölmegine sebäp boldy.

Hatyra güni 11-nji iýulda, 6,640-dan gowrak pidanyň soňky jaýlanan ýeri bolan Potokari ýadygärlik gonamçylygynda, ýaňy-ýakynda ýüze çykarylan dokuz adamyň jesediniň jaýlanmagy bilen, birnäçe çäre bilen bellenilýär. 1000 töweregi adam henizem dereksiz ýiten hasaplanylýar.

Adatça Potokari şäherindäki esasy dabara müňlerçe adam gatnaşýar, ýöne koronawirus pandemiýasy sebäpli, bu ýyl beýle uly çäre geçirmek mümkin bolmady.

Bosniýa 6,400-den gowrak koronawirus näsagynyň bardygyny, 216 adamyň ölendigini habar berdi.

Serb territoriýasyndaky musulman anklawy Srebrenisa 1995-nji ýylyň 11-nji iýulynda Bosniýa serb güýçlerine tabyn boldy.

Musulman ilaty BMG-niň parahat ilat üçin “gaçybatalga mekany” diýlip yglan eden şäherinden gaçdy. Parahatçylygy goraýjylar gorar diýen umyt bilen, olar BMG-niň jaýlaryna sygyndylar.

Bosniýaly serb generaly Ratko Mladiçiň ýolbaşçylygyndaky güýçler BMG-niň binasyna gelenlerinde, Gollandiýanyň parahatçylygy goraýjy güýçleri bazany olara tabşyrdy. Soňra Bosniýa serb güýçleri erkekleri we oglanlary jezalandyrmak üçin aýryp, aýal-gyzlary öz gözegçilikleri astyndaky başga bir ýere iberdi.

Iki hepdäniň içinde müňlerçe erkek we oglan jezalandyryldy, tokaýdan gaçmaga synanyşanlar Bosniýa serb güýçleri tarapyndan saklandy we öldürildi. Heläk bolanlaryň jesetleri köpçülikleýin mazarlarda gömüldi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG